Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 11.12.2020
913

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly sene – Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza we tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Nygtalyşy ýaly, Özbegistanda sebitde durnuklylygy pugtalandyrmagyň hem-de durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýan Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilikli, öňdengörüjilikli syýasatyna ýokary baha berilýär hem-de dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýulýar. Munuň özi bolsa iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkidýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, hemişelik Bitaraplygyň halkara-hukuk ýagdaýynyň Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm kepili bolup durýandygyny, dünýäniň döwletleri bilen deňhukukly we özara hormat goýmak gatnaşyklaryny ösdürmek üçin berk esas bolup hyzmat edýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkyny şol ýurtlaryň halklary bilen öňden gelýän taryhy, syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň okgunly we yzygiderli häsiýete eýedigini, onuň hoşniýetliligi we açyklygy bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi ähli bilelikdäki başlangyçlaryny üstünlikli amala aşyrmagyň girewi bolup durýar. Iki döwletiň Baştutanlary şeýle hem ýokary derejedäki özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin berk esas boljakdygyna ynam bildirdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we Özbegistanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow