Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Çap edildi 10.12.2020
1188

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Tanä we Kataryň dostlukly halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. “Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky däbe öwrülen dost-doganlyk gatnaşyklary özara düşünişmegiň we ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Bu gatnaşyklaryň biziň doganlyk halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz gutlagynda belleýär. Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Tanä berk jan saglyk hem-de abadançylyk, Kataryň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz onuň Alyhezretine “Goý, Gudraty Güýçli Allatagala ähli asylly başlangyçlaryňyzda we maksatlaryňyzda Size medet bersin!” diýip dileg etdi.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow