Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 10.12.2020
925

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prrezidentini gutlady Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi hem-de Gazagystanyň ähli doganlyk halkyny Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady we hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz gutlagynda garaşsyzlyk ýyllary içinde Gazagystanyň döwletliligi berkitmekde, halkyň abadançylygyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişligindäki abraýyny belende götermekde ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny belledi. “Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasyny köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hem-de özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň türkmen-gazagystan gatnaşyklaryny iki doganlyk halkyň bähbidine yzygiderli ösdürmek we pugtalandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz nygtady. Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk hem-de bagt, Gazagystanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

***
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidentini gutlady Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti—Ýolbasy Nursultan Nazarbaýewe Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we arzuwlaryny ýollady. “Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ýurduňyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamynda ýeten üstünlikleri hem-de doganlyk ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejede ösdürilýändigini bellemek bizi guwandyrýar. Hoşniýetli goňşuçylyk däplerine we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-gazak dostlukly gatnaşyklarynyň biziň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz gutlagynda belledi. Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Nursultan Nazarbaýewe berk jan saglyk, bagt hem-de abadançylyk, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow