Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady
Çap edildi 10.12.2020
819

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halife we dognalyk bahreýn halkyna Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny hem-de arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz gutlagynda ähli ugurlarda ylalaşykly özara gatnaşyklary, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we iki halkyň bähbidini nazara almak arkaly ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň möhüm maksatlara ýetmekde ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şu ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýylyň dolýandygyny kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çärýek asyr döwrüň dowamynda doganlyk gatnaşyklaryň işjeňleşendigini we onuň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykandygyny aýratyn belledi. “Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýäris. Däbe öwrülen türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň geljekde hem pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz belledi. Hormatly Prezidentimiz özüniň gadyrly dogany-- Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi we onuň Alyhezretine berk jan saglyk, abadançylyk, Bahreýniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow