Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar Şu gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (DIMG) Özbegistanyň başlyklyk etmeginde onlaýn görnüşde geçirilen mejlisine gatnaşdy. Azerbaýäanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy köptaraply gatnaşyklaryň wajyp meselelerine garadylar, hyzmatdaşlygyň netijeleri we täze ugurlary, halkara hem-de sebit meseleleri barada pikir alyşdylar. Şeýle hem Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdan daşary mejlisinde tassyklanylmaly resminamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu mejlisi 18-nji dekabrda geçirmek meýilleşdirilýär. Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklara uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme gezek belleýşi ýaly, häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň has sazlaşdyrylmagy, onuň täze derejä çykarylmagy zerur bolup durýar. Hut şeýle çemeleşme hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny aýdyňlaşdyrmaga we degişlilikde, anyk çözgütleri çaltlyk bilen kabul etmäge mümkinçilik berer. Biziň ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bu maksada ýetmegiň ýollarynyň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz şeýle başlangyç bilen 2017-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň barşynda çykyş etdi. Şu teklibi amala aşyrmak maksady bilen, türkmen tarapy GDA gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu resmina a 2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Aşgabatda GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde kabul edildi. Şu meälisiň garamagyna --2021-nji ýyl üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde Daşary işler ministrlikleriniň arasynda köpderejeli geňeşmeleriň Meýilnamasy hödürlenildi. Bu resminama Daşary işler ministrlikleriniň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem-de ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça ylalaşykly çemeleşmeleri kesgitlemäge gönükdirilendir. Onuň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň ýokarda agzalan başlangyjyny durmuşa geçirmekde täze möhüm ädim boldy. Şeýle hem DIMG-niň mejlisinde BMG-niň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamsynyň taslamasy kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugry bolup durýar. Şu ýylyň ýanwar aýynda geçirilen “Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde syýasy durnuklylygy saklamak, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde ýurdumyzyň BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Häzirki wagtda Türkmenistanyň BMG bilen özara gatnaşyklary esasy ulgamlaryň ählisini – howpsuzlygy üpjün etmekden başlap, gender deňligine çenli, ekologiýa meselesinden başlap, göçüp-gonýanlaryň hukuklaryny goramaga çenli ähli ugurlary öz içine alýar. Bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi biziň ýurtlarymyzyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde BMG-niň esasy orny baradaky garaýyşlarynyň meňzeşdigini görkezýär. Ministrler tarapyndan kabul edilen möhüm resmnamalaryň ýene-de biri halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamasydyr; 2019-njy ýylyň aprel aýynda Moskwada Türkmenistanyň Hökümetiniň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga, 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň maglumat howpsuzlygy ulgamynda Bilelikdäki beýannamasyna gol çekildi. Täze Beýannama maglumat – kommunikasiýa tehnologiýalaryny bikanun ulanmagyň öňüni almak ulgamynda GDA döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmäge, maglumat ulgamynda esasy wehimleri kesgitlemäge umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Türkmenistan ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi möhüm wezipe hasaplaýar. Geçen ýyl GDA-da başlyklyk eden döwründe ýurdumyz iri ugurdaş çäreleriň birnäçesini geçirdi. Şolaryň hatarynda döredijilik we ylmy intelligensiýanyň forumy bar. Oňa Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň ählisiniň wekiliýetleri gatnaşdylar. Türkmenistan ýola goýlan gatnaşyklary saklamaga we pugtalandyrmaga, ony täze ugurlar we usullar bilen baýlaşdyrmaga ygrarlydyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy GDA-da 2022-nji ýyly Halk döredijiliginiň hem-de medeni mirasyň ýyly, 2023-nji ýyly –Milletara aragatnaşygyň dili hökmünde rus diliniň ýyly diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdi mübärekledi we goldady. Türkmenistanyň goşulan bu köptaraply resminamalarynyň ählisi GDA-nyň çäklerinde däp bolan netijeli gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi bermäge gönükdirilendir. Biziň ýurdumyzy GDA gatnaşyjy döwletler bilen öňden gelýän hoşniýetli we dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugryamala aşyrmak bilen, özüniň dostlary we hyzmatdaşlary üçin hemişe açykdyr. Ýurdumyz sebit we halkara ähmiýetli meseleleri çözmekde işjeň orny eýelemek bilen, ikitaraplaýyn hem-de GDA-nyň çäklerinde köptaraplaýyn esasynda parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işine saldamly goşandyny goşýar. Türkmenistanyň 2012-nji hem-de 2019-njy ýyllarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna üstünlikli başlyklyk etmeginiň netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, täze gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de bilelikdäki işiň uly kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berendigi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.