Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Paýtagtymyzda baýramçylygyň öň ýanynda täze binalaryň açylyş dabaralary
Ykdysadyýet
Paýtagtymyzda baýramçylygyň öň ýanynda täze binalaryň açylyş dabaralary
Çap edildi 09.12.2020
5615

Şu gün paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda bezeg demir gurnamalaryny öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy. Onuň kuwwaty ýylda 300 tonna barabardyr. Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, milli senenamamyzyň şanly seneleriniň öň ýanynda köp sanly täze binalaryň ulanylmaga berilmegi döwletimiziň ägirt uly ykdysady kuwwatyna hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan Türkmenistany ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalarynyň üstünligine aýdyň şaýatlyk edýär. Çykyş edenler milli Liderimiziň ýadawsyz aladasy netijesinde bu gün ýurdumyzda telekeçiligiň ýokary ösüş depgine eýe bolandygyny aýratyn bellediler. Bu ulgamda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýy artýar. Häzirki wagtda kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, ilata durmuş hyzmatlaryny hödürlemek, täze iş orunlaryny döretmek işine uly goşant goşýarlar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan dürli maksatly desgalaryň ençemesi munuň aýdyň mysalydyr. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan gurluşyk serişdeleriniň, dokma hem-de mineral önümleriň, durmuş himiýasy harytlarynyň, mebelleriň örän köpdürli görnüşlerini öndürmek boýunça kärhanalar yzygiderli açylýar. Gurluşyklaryň geriminiň giňelmegi bu pudagy gurluşyk serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmegi talap edýär. Bu meseläni bolsa täze ugurdaş kärhanalary gurmak hem-de bar bolanlarynyň durkuny täzelemek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly çözmek mümkindir. Öndürilýän ýokary hilli önümler gurluşyk senagatynyň maddy binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam edýär. Daşary ýurtly öndürijileriň häzirki zaman enjamlary hem-de innowasiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze toplum çykarylýan önümiň ýokary hilini üpjün eder. Geljekde şol önümleriň görnüşleri ep-esli artdyrylar. Demir gurnamalaryň önümçiligi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça ugurlaryň biri bolup, ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer, desgalaryň düzüm bölekleriniň mäkämligini we ygtybarlylygyny üpjün eder, şeýle hem olaryň ulanyş möhletini artdyrar. Şeýle hem kärhananyň önümleri senagatda, energetikada, şeýle hem şäheri abadanlaşdyrmak hem-de bezemek boýunça işlerde giňden ulanylar. Umuman, bu önümler birnäçe artykmaçlyklara eýe bolup, dürli ugurdaky taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini düýpli giňeldýär. Açylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, mähriban halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňky habarlar
11.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 224 müň dollaryndan gowrak boldy
10.08
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: döwrebaplyk, wajyplyk we jogapkärçilik
10.08
Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
09.08
Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine döredijilikli syýasat
07.08
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
07.08
Dokma senagaty pudagy ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
06.08
2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.08
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di
05.08
Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da — döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry
05.08
Me­de­ni­ýet — gym­mat­ly milli mi­ras we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti
top-arrow