Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
Syýasy habarlar
“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
Çap edildi 09.12.2020
1138

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän halkara serginiň nobatdaky gününiň çäklerinde, Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň rus dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan çärä Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik we döredijilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler türkmen döwletiniň Baştutanynyň häzirki şanly ýylda çapdan çykan täze eseriniň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksadyny özünde jemleýändigini nygtadylar. Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, şol sanda ylym, medeniýet we bilim ulgamlarynda gatnaşyklaryň taryhy kökleri bardyr. Şu günki waka hem taryhyň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşykly halklarymyzyň özara islegleriniň subutnamasy bolup durýar, dostlugy berkidýär hem-de köptaraply gatnaşyklary hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrýar. Medeniýet rowaçlygyň, abadançylygyň we häzirki hem-de geljekki nesilleriň gülläp ösmeginiň bähbidine dürli milletleriň wekillerini birleşdirýän, üstünlikli hem-de netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň binýady bolup hyzmat edýän baglanyşdyryjy halkadyr. “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyň rus diline terjime edilmegi rus halkyna türkmen halkynyň baý medeni mirasy, asylly maksatlary hem-de ahlak ýörelgeleri bilen has-da ýakyndan tanyşmaga, öwrenilmegi, goralyp saklanylmagy we giňden wagyz edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýan milli däplere oňat düşünmäge mümkinçilik berer. Şonuň bilen birlikde, giň okyjylar köpçüligine niýetlenen kitap medeniýeti öwrenijiler we bu ugurda ylmy barlaglary alyp barýanlar üçin aýratyn gymmatlyga eýedir. Bu eseriň milli medeniýetiň taryhy hakynda maglumatlaryň diňe bir ulgamlaşdyrylan ýygyndysy bolman, durmuşy wakalardan we söýgüden doly ösen jemgyýetiň esasyny emele getirýän halkyň ynsanperwerligi baradaky ýiti duýgulara beslenen gürrüňleriň jemidigini bellemek gerek. Kitap eýýäm dünýä halklarynyň ençeme dillerine terjime edildi. Bu bolsa adamzat ösüşiniň gazananlarynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň taryhyna, däp-dessurlaryna hem-de baý medeni gymmatlygyna ählumumy gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň abadançylygyna we rowaçlygyna, giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen köptaraply işlerinde täze, ajaýyp üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow