Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan – BMG: geljegiň bähbidine hyzmatdaşlygy ösdürip
Syýasy habarlar
Türkmenistan – BMG: geljegiň bähbidine hyzmatdaşlygy ösdürip
Çap edildi 08.12.2020
949

Şu gün paýtagtymyzda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) hem-de ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bilelikdäki täze taslamalaryna badalga berdi. Bu çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanyldy hem-de ýurdumyzyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ählumumy meseleleri çözmekde hyzmatdaşlygynyň üstünlige beslenýändigini görkezdi. Bilermenleriň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasaty netijesinde, Türkmenistan adam ösüşiniň ýokary derejesini görkezýär. Durmuşa geçirilýän giň gerimli döwlet maksatnamalarynyň ählisi hem-de amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýurdumyzyň raýatlarynyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagyna, dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetmäge gönükdirilendir. Taslamalary durmuşa geçirmäge ykdysady diwersifikasiýa, dolandyryş we durnukly ösüş ulgamynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin täze maksatnamanyň çäklerinde badalga berildi. Gol çekilen taslamalaryň sanawynda: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen BMGÖM-niň arasynda “Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin meýdança” atly Taslama resminamasynyň 2-nji tapgyry; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Ýurt maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2021-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we BMGÖM-niň arasynda “Telekeçiligi goldamak we bank ulgamyna sanly ulgamy ornaşdyrmak”; Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasynda BMGÖM-niň “2021 — 2022-nji ýyllar üçin Aziýada zorlukly ekstremizme durnuklylygy ýokarlandyrmak (STRIVE Asia)” ýaly resminamalar we beýlekiler bar. Ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň iri edaralary bilen umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder. BMG bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow