Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Çap edildi 07.12.2020
917

Şu gün Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlygy (MASYH) Maksatnamasynyň agza ýurtlarynyň onlaýn görnüşinde geçirilen 19-njy ministrler maslahatyna gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz MASYH Maksatnamasynyň binýatlaýyn ýörelgelerini hem-de onuň çäklerinde amala aşyrylýan taslamalary doly goldaýar. Sebitde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşmak bilen, Bitarap Türkmenistan bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge anyk goşant goşýar. Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylygy tarapyndan baştutanlyk edilýän MASYH-yň Milli utgaşdyryjysy hökmündäki türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Merkezi bankyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri girýär. “COVID pandemiýasynyň soňky şertlerde adamlara niýetlenen sebit hyzmatdaşlygy” atly ministrler maslahatyna ugurdaş halkara hyzmatdaş düzümleriň wekilleri hem çagyryldy. Forumyň barşynda şu ýyl MASYH-da başlyklyk edýän ýurduň – Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýörite haty, Aziýa ösüş bankynyň prezidentiniň çykyşy hem-de Bütindünýä bankynyň beýannamasy diňlenildi. Maslahatyň gün tertibine ykdysady durnuklylygy we ösüşi, ilatyň iş bilen üpjünçiligini hem-de iş orunlarynyň döredilmegini dikeltmek, pandemiýadan soňky döwürde MASYH-yň agza ýurtlarynyň makroykdysady mümkinçilikleri ýaly meseleler girizildi. Wideomaslahata gatnaşyjylaryň garamagyna we tassyklamagyna esasy hasabat resminamalary hökmünde MASYH-yň syýahatçylyk, gender meseleleri babatyndaky baş ugry hem-de bu maksatnamanyň 2030-njy ýyla çenli niýetlenen netijeleriniň matrisasy hödürlenildi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň möhüm meselelerini ylalaşykly çözmegi işläp düzmek boýunça tagallalary birleşdirmek babatynda başlangyçlary öňe sürýän Türkmenistanyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda sebitde hem-de tutuş global giňişlikde özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça yzygiderli ädimleri ädýändigini bellemek gerek. 19-njy ministrler maslahatynyň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi. Onda MASYH Maksatnamasynyň baş ugruny durmuşa geçirmekde öňegidişlikleriň gazanylandygy bellenildi, taraplaryň ýüze çykýan täze meseleleri çözmek hem-de bar bolan ykdysady mümkinçilikleri durmuşa geçirmek maksady bilen, sebit hyzmatdaşlygyna ygrarlylygy tassyklanyldy.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow