Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda çapdan çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby diňe ýurdumyzda däl-de, eýsem, dünýäniň dürli dillerine terjime edilip daşary döwletlerde-de hem giň meşhurlyga eýe boldy. Ine, ýakynda bolsa döwlet Baştutanymyzyň umumydünýä siwilizasiýasynyň ösmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy hakynda gürrüň berýän eseri barada hoş habar gelip gowuşdy. Täze neşir “ARETI” kompaniýasynyň ýardam etmeginde çap edildi hem-de Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna neşir edildi. Milli Liderimiziň täze kitabynda belleýşi ýaly, Bitarap Türkmenistanyň syýasaty adamzadyň asuda durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu baýramçylyk Oguz hanyň döwründen gözbaş alýan halkyň parahatçylyk söýüjilikli we dostlukly ýörelgeleriniň dabaralanmagyny alamatlandyrýan waka hökmünde taryha girer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şu günden beýläk bu görnükli edebi şahsyýetler bilen russiýaly okyjylar hem tanşyp bilerler. Öwrediş hem-de terbiýe beriş ähmiýetine eýe bolan kitap, aýratyn-da, ýaşlar üçin uly ähmiýete eýe bolup, biziň geljegimize, halklarymyzy ýakynlaşdyrýan hoşniýetli arzuw-isleglerimize, baý medeni mirasymyzyň aýawly saklanylmagyna ýardam eder. Olar umumadamzat gymmatlygyna uly goşant goşdular. Täze neşiriň çap edilmegi ýylsaýyn berkeýän türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka bolup, Türkmenistanyň Baştutanyna bolan uly hormatyň, döwlet, syýasy, ylmy we medeni işlerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bitiren uly hyzmatlarynyň subutnamasy bolup durýar. Soňky ýyllarda halklarymyzyň dostlukly gatnaşyklaryny we özara düşünişmegini berkitmäge ýardam edýän ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklar ösdürilýär, ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda ýurtlarymyzyň halklarynyň gatnaşyklary giňeldilýär. “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitap many-mazmuny boýunça döwlet Baştutanymyzyň ylmy we edebi işleri, maddy däl gymmatlyklary öwrenmek we wagyz etmek boýunça alyp barýan işleriniň aýdyň mysaly bolup durýar. Mähriban halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan asylly ruhy ýörelgelerini düýpli öwrenip, biziň günlerimize gelip ýeten taryhy maglumatlary seljerip, olary öz täze işinde bir ulgama saldy. Jemgyýeti ösdürmekde sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhümdigine, zähmetsöýerlik, paýhaslylyk, başy başlanan işi üstünlikli tamamlamak ýaly işleri ösdürmekde ylym we bilim ulgamlarynyň ähmiýetine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, milli mirasymyz tutuş adamzadyň durmuş tejribesi bilen aýrylmaz baglydyr. Şeýlelikde, mähriban halkymyzyň medeniýetinde öz beýanyny tapýan umumadamzat gymmatlyklary türkmeniň däplerinde öz beýanyny tapyp, şol häsiýetlere asyllylyk, myhmansöýerlik, dostluk we doganlyk gatnaşyklary, agzybirlik we jebislik degişlidir. Ýokary çap ediş usulynda neşir edilen kitap dürli reňkli suratlar bilen bezelip, şol sanda resmi senenamalar bilen beýan edilip, okyjylaryň giň topary üçin niýetlenendir. Bu eser jemgyýetiň baýlygyna öwrülip, rus dilli ilat üçin uly ähmiýete eýe bolar. Milli Liderimiziň rus dilinde çap edilen eseri — bu mizemez dostluk we özara düşünişmek, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ruhy-medeni gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge bolan islegiň alamatydyr.