Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmen paýtagtyndan Dunaýyň kenarlaryna çenli wideoköpri
Medeniýet
Türkmen paýtagtyndan Dunaýyň kenarlaryna çenli wideoköpri
Çap edildi 04.12.2020
22450

Şu gün Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda türkmen paýtagtyny Awstriýanyň paýtagty Wena şäheri bilen birleşdirýän wideoköpri geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynda ynsanperwer ugruň ähmiýetini açyp görkezmäge ýardam berer. Şu ýyl Awstriýa Respublikasynyň hem Bitaraplygynyň 65 ýyllygyny belleýändigini nygtamak gerek. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan medeni gatnaşyklara ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has ynsanperwer usuly hem-de diplomatik işiň iň netijeli guraly hökmünde garalýar. Döwlet Baştutanymyz bu barada Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bilen mundan bir ýyl ozal duşuşygyň barşynda hem aýtdy. Iki paýtagtyň arasyndaky şu günki wideosöhbetdeşlikde hem bu jemgyýetiň başlygy Wena şäherine wekilçilik edip, awstriýalylaryň adyndan milli Liderimizi we türkmen halkyny ýetip gelýän baýramçylyklar – Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy bilen gutlady. Bilelikdäki guramanyň ýolbaşçysy hökmünde ol döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek, şol sanda medeni çäreler arkaly ilerletmek üçin amatly gurşawyň döredilmegine goşant goşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmen-Awstriýa “Galkynyş” simfoniki orkestriniň döredilmegi şeýle aýdyň taslamalaryň biri boldy, orkestriň döredilmeginiň 10 ýyllyk senesi geçen ýyl Aşgabatda saz baýramçylygy hökmünde bellenildi. Orkestriň çeper ýolbaşçysy we dirižýory Wolfgang Harrer hem bu gezekki wideoduşuşyga gatnaşdy. Ol Türkmenistanyň özünde galdyran täsirleri barada gürrüň berip, ilkinji gezek ýurdumyzda 2008-nji ýylda bolandygyny belledi hem-de şu ýyllaryň içinde türkmen sazandalary bilen alnyp barlan bilelikdäki işler, geljekki döredijilik meýilnamalary, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen hyzmatdaşlykda geçiriljek işler barada gürrüň berdi. Ussat sazanda W.Harrer türkmen kärdeşleriniň ýokary hünär derejesini aýratyn nygtady. Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sungatyň ösdürilmegine hem-de medeni hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goşýan ägirt uly goşandy, uly ähmiýetli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn medeni taslamalary yzygiderli goldaýandygy üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi. “Galkynyş” orkestriniň konsertleri, Wena ballary ýaly çäreler Türkmenistanyň medeni durmuşynyň aýratyn bezegine we awstriýa-türkmen medeni gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi, çykyş edenler Aşgabatda hem-de Wenada şunuň ýaly döredijilik çäreleriniň geljekde hem yzygiderli geçiriljekdigine ynam bildirdiler. Soňra duşuşyk hemmelere düşnükli – sazyň dilinde dowam etdi. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlap Iogann Ştrausyň “Ajaýyp mawy Dunaýda” diýen wals sazyny ýerine ýetirdi, bu wals sazy Awstriýanyň resmi däl senasy hasap edilýär hem-de däp boýunça Täze ýyl Wena konsertinde ýerine ýetirilýär. “Galkynyş” Türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň Wena düzümi R.nepesowyň “Fantaziýa” eserini hem-de W.A.Mosartyň “Gijeki serenada”... eserinden bir bölegi ýerine ýetirdi. Saz sungaty adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmagyň iň gadymy serişdeleriniň biridir hem-de häzirki pandemiýa gurşap alan dünýädäki çylşyrymly döwürde onuň ähmiýeti barha artýar, halklary jebisleşdirmäge, ynanyşmak we parahatçylyk medeniýetini kemala getirmäge ýardam berýär. Sanly gurşawyň, internetiň okgunly ösmegi bu hereketi dowam etdirmäge hem-de sazyň oňyn täsirini ençeme esse artdyrmaga mümkinçilik berýär, muny Garagumuň alkymyndaky Köpetdagyň depelerini Alp daglarynyň etegindäki Dunaýyň kenarlary bilen birleşdiren şu gezekki duşuşyk hem görkezdi. Duşuşygyň maksady milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG-niň çözgüdi esasynda halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň konsepsiýasy bilen doly sazlaşýar. Wideoköprä gatnaşyjylar sazly gutlaglary alşyp, birek-birege täze döredijilik açyşlary we üstünlikleri, gyzykly medeni taslamalary amala aşyrmagy hem-de diňe bir onlaýn görnüşinde däl-de, medeni hyzmatdaşlygyň dürli çärelerinde täze duşuşyklary arzuw etdiler.

Soňky habarlar
09.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 133 müň dollaryndan gowrak boldy
08.02
Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.02
Sportly Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy
07.02
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
07.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine hem-de Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrine halkara baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli sanly ulgam arkaly gutlagy
06.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
06.02
Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny gutlady
05.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Gurluşyk-senagat toplumy we elektroenergetika pudagy
05.02
Türkmenistan GDA gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda «Bedew bady: güýç hem gözellik» ady bilen telewizion filmleriň döwletara bäsleşigini yglan edýär
04.02
2026-njy ýylyň ýanwary: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
top-arrow