Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda hyzmatdaşlyk
Syýasy habarlar
Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda hyzmatdaşlyk
Çap edildi 19.11.2020
1294

19-njy noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini özleşdirmegiň, terbiýeçilik işinde bilim bermegiň innowasion usullaryny, häzirki zaman bilim maksatnamalaryny we okuw serişdelerini peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Häzirki wagtda ýurdumyzda Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanda bilim ulgamyna ýardam bermek» diýen taslamasy tamamlanýar. Bu taslama 2016-njy ýylyň aýagyndan bäri Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Gresiýanyň we Latwiýanyň konsorsiumy tarapyndan amala aşyrylýardy. Bu taslamanyň maksady bilim ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda Türkmenistanyň Hökümetine ýardam bermekden, onuň esasy wezipeleri bolsa okatmagyň derejesini ýokarlandyrmakdan, okuw maksatnamalaryny we serişdelerini öňdebaryjy Ýewropa tejribesine hem-de zähmet bazarynyň ýagdaýyna seljerme bermek bilen laýyklykda kämilleşdirmekden, häzirki zaman bilim kadalaryny ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Hyzmatdaşlardan başga-da, taslamanyň esasy eýesi bolup durýan Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Milli bilim instituty bilen birlikde türkmen tarapyndan taslamanyň amala aşyrylmagyna Ylymlar akademiýasyny, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini, birnäçe ministrlikleri hem-de jemgyýetçilik guramalary goşmak bilen, köp sanly toparlar gatnaşdy. Bu bolsa bilim ulgamynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş syýasaty bilen, şeýle hem ykdysadyýet we ylym bilen arabaglanyşyklydygyny ýüze çykarýar. Taslamanyň çäreleri, umuman, soňky ýyllarda kabul edilen sanly we dil öwretmek okuwynyň konsepsiýasy bilen baglanyşykly Türkmenistanda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işinde iki sany strategik ugry goldamaga hem-de bilimiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Taslamanyň edarasy ýerleşen Milli bilim institutynyň binýadynda yzygiderli esasda okuwlar, hyzmatdaşlar we halkara bilermenler bilen duşuşyklar geçirildi. Taslamany durmuşa geçirmegiň birnäçe tapgyrlarynyň çäklerinde okuw maslahatlary we düşündiriş çäreleri guralyp, olar bilim ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna, dünýä tejribesiniň peýdalanylmagyna hem-de okatmagyň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagyna bagyşlanyldy. Mysal üçin, «Pearson» halkara bilim kompaniýasynyň wekilleri umumy bilim berýän mekdepleriň mugallymlary, orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin «Iňlis dilini okatmagyň usulyýeti» diýen ugur boýunça okuw maslahatlarynyň tapgyrlaryny geçirdiler. Bu kompaniýanyň wekilleri iňlis dilini bu ulgamda häzirki zaman ölçeglerine laýyklykda okatmagyň hilini gowulandyrmak üçin tälimçi-usulyýetçileri taýýarlamaga ýöriteleşendir. Beýleki okuw maslahatynyň barşyndaky dersler mekdebe çenli we orta bilim ulgamynda köptaraply okuw-terbiýeçilik işleriniň dürli ugurlaryny özünde jemledi. Olara häzirki wagtda dünýäde ýaýran rus we nemes dillerini öwretmegiň mysalynda döwrebap terbiýeçilik we bilim babatda öňde duran wezipelerden ugur alnyp garaldy. Ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan terbiýeçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen okuw maslahatlarynyň tapgyrlary guraldy. Şolarda türkmen hünärmenleri milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda Singapuryň, Finlýandiýanyň we Gazagystanyň tejribesi bilen tanyşdyryldy. Okuw maslahatlarynyň dowamynda mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olarda öňbaşçylyk häsiýetlerini ösdürmek we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmagy başarmak, döwrebap okuw kitaplaryny döretmek, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny işläp taýýarlamak, okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny öwrenmek we ornaşdyrmak baradaky meseleler we beýlekiler ara alnyp maslahatlaşyldy. Umuman, ýurdumyzyň ýokary, orta we hünärmentçilik-tehniki bilim mekdepleriniň wekilleriniň bäş müňden gowragy dürli ugurlar, şol sanda daşary ýurt dillerini okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek, sanly ulgama degişli bilimler we beýlekiler boýunça hünär ýokarlandyryş okuwyny geçdiler. Taslamanyň çäklerinde innowasion özgertmeleri işjeň goldamaga gönükdirilen ýörite okuwlar geçirildi. Şolaryň hatarynda elektron bilim serişdeleriniň wirtual çäklerini giňeltmek maksady bilen «Moodle» diýen halkara portaly döretmek we onuň mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatda sanly ulgama degişli tejribäni ele almak boýunça ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin niýetlenen okuwlar boldy. Soňra ýörite okuwlara gatnaşanlaryň tagallasy bilen bu halkara çäre ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 20-siniň okuw işlerine ornaşdyryldy. «Türkmenistanda bilim ulgamyna ýardam bermek» taslamasy Milli bilim institutynyň ylmy-usulyýet kuwwatynyň berkemegine-de ýardam etdi. Şol ýerde portal, saýt we elektron kitaphana döredilip, üstünlikli işlemegini dowam edýär. Milli bilim institutynda «Moodle» diýen okuwlary dolandyryş ulgamy ornaşdyryldy, mümkinçilikleri döretmek (okatmak, tehniki seljerme, amaly konsalting, strategiýalary işläp taýýarlamak) boýunça işler geçirildi, ähli dersler boýunça diýen ýaly onlaýn okuwlar üçin okuw maksatnamalary we serişdeler hem-de olary ornaşdyrmak boýunça teklipler taýýarlanyldy. Şeýle hem bilimi dolandyrmak ulgamy, umumybilim berýän mekdepleriň hem-de beýleki okuw edaralarynyň mugallymlar düzümini menzilara okatmak boýunça maksatnamalar işlenip düzüldi we ornaşdyryldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Iň ýokary halkara talaplara kybap gelýän bilim ulgamyny kemala getirmek, hakyky watançylaryň bilimli, başarjaň, öz halkynyň ykbalyna hem-de Watanynyň geljegine jogapkärçilikli garaýan nesillerini terbiýelemek baradaky aladamyz jemgyýeti ösdürmekde ylmyň we bilimiň eýeleýän ornunyň ep-esli artmagyna, bilimleri we hünärleri has düýpli özleşdirmäge ýardam edýär» diýip belleýär. 19-njy noýabrda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyza Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlar boýunça dersleriň okadylyşyny kämilleşdirmegiň konsepsiýasynyň işlenilip taýýarlanylandygy barada hasabat berildi. Bu konsepsiýa hem sanly tehnologiýalaryň we innowasion usulyýetleriň mümkinçilikleriniň peýdalanylmagyny göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz daşary ýurtlaryň iň oňat amaly işlerini we dünýä tejribesini özleşdirmegiň hem-de ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bilimi döwrebaplaşdyrmak babatda halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň we beýleki ýurtlaryň ylym-bilim merkezleri bilen hemişelik özara alşylmagyny ýola goýmagyň wajypdygyny nygtady. Intellektual ýaş nesilleri terbiýelemek we ösdürmek üçin has oňat şertleri döretmäge gönükdirilen bu işleriň ählisi geljege goýlan iň ygtybarly maýa goýumdyr hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn belleýşi ýaly, takyk ölçerilen strategiýalaryň we anyk kesgitlenilen konsepsiýalaryň esasynda toplumlaýyn çemeleşmäni talap edýär.

Soňky habarlar
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow