Baş sahypa
\
Sport
\
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryny goldady
Sport
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryny goldady
Çap edildi 04.11.2020
16765

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabahdan hat gelip gowuşdy. Abraýly halkara düzüminiň baştutany milli Liderimize Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollap, Milli Olimpiýa komitetiniň ýurdumyzda 2023-2025-nji ýylllarda AOK-nyň Baş Assambleýasyny we onuň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisini geçirmek baradaky resmi teklibine garandygyny hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Türkmen döwletiniň Baştutanynyň teklibini kabul edýändigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli çözgüt kabul ediler, şonuň ýaly-da AOK-nyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynda Türkmenistanda AOK-nyň Baş Assambleýasynyň hem-de onuň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisiniň geçiriljek ýyly kesgitlener. Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda Olimpiýa hereketini ösdürmäge berýän yzygiderli goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň uly üstünligi munuň aýdyň subutnamasydyr. Hatda bellenilişi ýaly, bu ägirt uly sport bäsleşigine gatnaşan AOK-nyň we Okeaniýanyň agza ýurtlarynyň ählisi häzire çenli bu ýaryşlar hem-de türkmen halkynyň myhmansöýerligi barada ajaýyp ýatlamalary öz kalplarynda saklaýarlar. Öňki pikir alyşmlara laýyklykda, AOK-nyň ýolbaşçysy Türkmen döwletiniň Baştutanyna 2023-nji ýylda ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynda VII Aziýa kenarýaka oýunlaryny geçirmegiň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi. Hazaryň kenaryndaky bu gözel künjekde 2017-nji ýylyň aprelinde “Aziada-2017-ä“ bagyşlanan Halkara sport kongresi geçirildi. Oňa gatnaşyjylar bu ýerde döredilen döwrebap durmuş we sport düzümlerine hem-de ajaýyp çägeli plýažlara ýokary baha berdiler. Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabahyň nygtaýşy ýaly, Awazada VII Aziýa kenarýaka oýunlarynyň geçirilmegi bu zolaga oýunlaryň geçirilýän wagtynda we ondan soňra köpsanly janköýerleriň hem-de syýahatçylaryň gelmegine ýardam eder. Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy öz hatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa belent hormatyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini arzuw etdi. Şunuň bilen baglylykda, sport ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň milli Liderimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýratyn bellemek gerek. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli çäreleriň netijesinde, soňky ýyllarda Watanymyz halkara sport hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezine öwrüldi. Türkmenistan abraýly ugurdaş düzümler, şol sanda Aziýanyň Olimpiýa geňeşi bilen hyzmatdaşlygy goldaýar hem-de yzygiderli giňeldýär, olar bilen ýakyn we netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sport diplomatiýasynyň ägirt uly mümkinçiliklerini doly derejedpe peýdalanmak bilen bu ulgamda hyzmatdaşlygy höweslendirmek we işjeňleşdirmek boýunça oňyn teklipler bilen yzygiderli çykyş edýär. Üç ýyl mundan ozal Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi, hakykatdan hem, ägirt uly waka öwrülip, oňa gatnaşyjylaryň ählisinde hem-de myhmanlarda sportuň, parahatçylygyň we dostlugyň ägirt uly baýramçylygy hökmünde ýatlarynda galdy. Bu ajaýyp üstünlik türkmen sportunyň abraýyny täze belentliklere galdyryp, Garaşsyz Watanymyzyň sport döwleti hökmündäki halkara abraýyny has-da berkitdi. AOK-nyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça 2023-2025-nji ýyllarda ýurdumyzda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Baş Assambleýasyny we onuň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisini geçirmek baradaky çözgüdi hem-de AOK-nyň ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynda 2023-nji ýylda VII Aziýa kenarýaka oýunlaryny guramak baradaky teklibi munuň aýdyň subutnamasydyr. Elbetde, bu möhüm wakalaryň halkara Olimpiýa hereketiniň döredijilikli maksatlara we ynsanperwer taglymlara kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigi şübhesizdir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Bu bolsa ählumumy parahatçylygyň, dünýä döwletleriniň we halklarynyň arasynda dostluk hem-de özara düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Soňky habarlar
19.04
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gynanç hatlary gelip gowuşýar
18.04
Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedow hakynda ýatlama ýüreklerimizde hemişelik saklanar
18.04
Online hyzmatlaryny bermek işi ýola goýuldy
17.04
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny
17.04
Türkmenistanda ählihalk ýowary geçirildi
17.04
Resmi habar