Baş sahypa
\
Sport
\
«Altyn asyr» topary — futbol boýunça Türkmenistanyň naýbaşy kubogynyň alty gezek eýesi
Sport
«Altyn asyr» topary — futbol boýunça Türkmenistanyň naýbaşy kubogynyň alty gezek eýesi
Çap edildi 29.09.2020
28333

Şu gün paýtagtymyzyň köpugurly «Aşgabat» stadionynda futbol boýunça Türkmenistanyň 2020-nji ýylda Naýbaşy kubogyny almak ugrunda Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynyň we “Ahal” toparynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Duşuşygyň 68-nji minudynda «Ahalyň» ýarym goragçysy Gurban Annaýew hasaby açdy. Emma, birnäçe minutdan soňra, «Altyn asyryň» futbolçylary hasaby deňlediler, bu hasap oýun tamamlanýança üýtgemedi. Goşmaça wagtda hem hasap üýtgemedi we eminler topary 1:1 deňme-deň hasapdan soň, 11 metrlik urgulary geçirmegi karar etdiler. 11 metrlik urgulary ýerine ýetirmekde iki toparyň futbolçylary hem ýokary ussatlyk görkezdiler, emma «Ahal» toparynyň goragçysy Serdar Annaorazowyň ýalňyşy bu toparyň bäsdeşine ýeňiş getirdi. Paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary on bir metrlik urgularyň jemleri boýunça 5:4 hasabynda ýeňiş gazanyp, futbol boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna altynjy gezek mynasyp boldy. Bu toparyň futbolçylary bu hormatly sport baýragyny 2015-nji ýyldan bäri yzygiderli eýeläp gelýärler. Milli futbol federasiýasy tarapyndan döredilen Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda bäsleşikler ýurdumyzyň çempionynyň hem-de Kubogyň eýesi bolan toparyň arasynda geçirilýär. Geçen ýylda «Altyn asyr» topary çempion hem-de Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi bolupdy. Şol sebäpli hem bu gezek Naýbaşy kubok ugrundaky bäsleşigi ýurdumyzyň çempionynyň hem-de milli birinjilikde ikinji orny eýelän toparyň arasynda geçirmeli boldy.

Soňky habarlar
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
02.11
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
top-arrow