Baş sahypa
\
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Çap edildi 16.09.2020
16940

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi. Oňa köpçülikleýin habar beriş ulgamyndaky abraýly halkara we sebit guramalarynyň, diplomatik toparlaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, syýasatşynas bilermenler gatnaşdylar. Wideomaslahat aragatnaşygy arkaly 68 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy oňa goşulyşdylar. Ol Söwda-senagat edarasynda onlaýn görnüşde geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary derejedäki dürli maslahatlarda nygtaýşy ýaly, Bitaraplyk Türkmenistanda durmuşa geçirilýän, üçünji müňýyllygyň esasy maksatlaryna ýetmäge — tutuş dünýäde parahatçylygy üpjün etmäge we gyzyklanma bildirýän döwletleriň deňhukukly hem-de özara hormat goýmak esasynda durnukly ösüşi üpjün etmäge, olaryň arasyndaky syýasy-ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy berkitmäge, Ýer ýüzüniň halklarynyň medeniýetlerini sazlaşykly özara baýlaşdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň binýatlaýyn ugrudyr. Şu mediaforuma gatnaşyjylar öz çykyşlarynda bu pikiri ösdürip, Türkmenistanyň geçen çärýek asyrda döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň ýokary netijeliligini subut edendiginiň anyk mysallaryny getirdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2017-nji ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assambleýasy agza döwletleriň köp sanlysynyň awtordaşlygynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip biragyzdan yglan etdi. Geçen ýyl bolsa 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mundan başga-da, ýene bir başlangyç bilen — indiki ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Ýaňy-ýakynda, şu ýylyň awgust aýynyň ahyrynda biziň ýurdumyzyň teklibi boýunça BMG-niň ýanynda Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Bu topar halkara syýasy ýagdaýy gowulandyrmak üçin Bitaraplygyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmakda esasy çäreleriň biri boldy. Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji, Türkiýe Respublikasynyň «TRT» teleradiokorporasiýasynyň baş direktory we başlygy Ibragim Eren sebitleriň hem-de yklymlaryň ýurtlarynda türkmen Bitaraplygynyň oňyn tejribesine uly üns berilýändigini nygtady. ABU-nyň baş sekretary Jawad Mottagi Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty netijesinde, oňyn gepleşikleriň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň açyk meýdançasyna öwrülendigini, sebitde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygy üpjün etmäge uly goşant goşýandygyny belledi. Hindistanyň «Prasar Bharati» ýaýlymlar kompaniýasynyň baş direktory, Şri-Lankanyň «MTV Channel» toparynyň, Ýewropanyň ösüş we howpsuzlyk institutynyň ýolbaşçylary we beýleki çykyş edenler dünýä bileleşiginiň Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde dawaly meseleleri çözmäge gönükdirilen sazlaşykly hereketleriň örän wajypdygy barada birmeňzeş pikiri aýtdylar. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň nusgasy ylalaşdyryjy çözgütleri gazanmagyň netijeli guraly bolup biler diýip, foruma gatnaşyjylar bellediler hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, biziň ýurdumyzyň halkyna ýetip gelýän uly baýramçylyk — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly senesi mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler.

* * *
Şu gün ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleriniň agyr ýiti ýokançly keselli adamlary kliniki usul bilen barlamak boýunça geňeşmeleri geçirildi. BSGG-niň Ženewadaky edarasy tarapyndan guralan onlaýn duşuşyk dünýäde aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagy bilen baglylykda türkmen hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň lukmanlary döwletimiziň çäginde koronawirus we beýleki howply ýokançlaryň peýda bolmagynyň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak boýunça toplan tejribesini paýlaşyp, barlaghana anyklaýyş, epidemiologiýa gözegçilik we keselleriň öňüni almak boýunça geçirilen çäreler barada gürrüň berdiler. BSGG-niň bilermenleri ilatyň saglygyny goramagyň ähli ugurlary boýunça geçirilýän giň gerimli toplumlaýyn işlere ýokary baha berip, jemgyýetiň saglygyny goramak hem-de ylmy diplomatiýanyň gurallaryny işjeň ulanmak babatda halkara bileleşigi täze wehimlere garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmäge çagyrdy. Duşuşygyň dowamynda dürli keselleriň ýaýramak töwekgelçiligini peseltmek üçin öňüni alyş çäreleriniň kämilleşdirilmeginiň milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde uly orun eýeleýän BSGG-niň maslahatlaryny we tekliplerini nazara almak bilen geçirilýändigini belledi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň geljekde hem Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygy, şol sanda howply ýokanç keselleriň öňüni almak we bejermek babatda dessin maglumatlary, toplanan tejribäni hem-de bilimleri alyşmak üçin ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň hasabyna taýýardygyny nygtady.

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
25.04
Türkmenistanyň sungat ussatlary Parižde üstünlikli çykyş etdiler
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
top-arrow