Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahat
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahat
Çap edildi 15.05.2020
960

Şu gün BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda onlaýn görnüşde BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň hemişelik komitetiniň 4-nji mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça wideoforuma ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, milli saglygy goraýyş boýunça maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň tejribesi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan nusgalyk diýip ykrar edildi hem-de öwrenmek üçin beýleki ýurtlara teklip edildi. Milli Liderimiz tarapyndan işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, onuň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goraýyş ulgamyny halkara ülňüleriniň derejesine çykardy. Saglygy goraýyş ulgamynda toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrmagyň çäklerinde Türkmenistan lukmançylyk işgärlerini we ylmy işgärleri taýýarlaýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek bilen, saglygy goraýyş ulgamynda tejribe alşylmagyna ýardam berýän halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen görülýän anyk çäreleriň hatarynda öňüni alyş işleriniň güýçlendirilmegi, döwrebap lukmançylyk tehnologiýalarynyň we enjamlarynyň, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň ornaşdyrylmagy, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň wagyz edilmegi ýaly çäreler bar.

Soňky habarlar
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy
16.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Mek­si­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Prezidentini gut­la­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di
top-arrow