Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 15.05.2020
1235

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

* * *
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alyp, Býujet kodeksine laýyklykda, 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we ýurdumyzyň Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi: 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we ýurdumyzyň Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramak we olary 2020-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine bermäge; taslamalary düzmek üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine 2020-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli ibermäge; agzalan taslamalary taýýarlamak üçin, hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmäge we onuň işini netijeli guramaga borçly edildi.
* * *
«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem gaz guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine «Döwletabat» gaz känindäki ulanyşdaky 30 sany gaz guýusynda tebigy gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada Birleşen Arap Emirlikleriniň «Turkmen Petroleum Products Trade DMCC» kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.
* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň rysgaly we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak, ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtyň içinde we ýitgisiz ýygnap almak hem-de galla öndürijiler bilen hasaplaşyklary wagtynda geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara we elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek üçin 2020-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça Döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Şeýle hem resminama bilen Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ýerlerde däne kombaýnlaryna tehniki hyzmat etmek işlerini talabalaýyk guramak arkaly orak möwsüminde olaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek; «Türkmenawtoulaglary» agentligine Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen şertnama baglaşmak esasynda ýygnalan bugdaý hasylynyň meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, şeýle hem ammarlara we elewatorlara wagtynda hem-de ýitgisiz daşalmagyny, ulag serişdeleriniň bökdençsiz we ýokary netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Resminama laýyklykda, bugdaýy kabul ediş nokatlaryna hem-de ammarlara we elewatorlara daşamakda beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem hususy eýeçilikdäki awtoulag serişdelerini şertnama esasynda peýdalanmaga Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ygtyýar berildi.
* * *
«Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek, döwletimiziň dünýä ykdysady ulgamyna işjeň we netijeli goşulyşmagyny üpjün etmek, ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny halkara derejede ösdürmek, şeýle hem halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky teklibi makullanyldy.

Soňky habarlar
11.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: - Ylym ýurdumyzyň beýik geljegidir
11.06
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy
11.06
Döwlet Baştutanymyza ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk ady dakyldy
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
top-arrow