Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasaryny kabul etdi
Çap edildi 09.05.2020
1171

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary, general-polkownik Aleksandr Fomini kabul etdi. Myhman hormatly wezipäni ýerine ýetirmek — 1941 —1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak hem-de 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagyny gowşurmak üçin paýtagtymyza geldi. Şol polkda döwlet Baştutanymyzyň atasy, watançy we edermen esger Berdimuhamet Annaýew söweşdi. Şeýle hem uruş ýoluny doly geçen hem-de öýüne Ýeňiş bilen gaýdyp gelen şöhratly esgeriň — Berdimuhamet Annaýewiň şahsy maglumaty getirildi. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň şanly sene mynasybetli iberen gutlaglaryny ýetirmek bilen, A.Fomin 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň esgerleriniň gahrymançylygyny we edermenligini belledi. Olar 1943-1944-nji ýyllarda harby ýolbaşçylygyň adyndan minnetdarlyk hatlarynyň 250-sini aldylar hem-de ordenleriň we medallaryň 2,5 müňe golaýyna mynasyp boldular. Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary 12 ýaşly Mälikguly Berdimuhamedowyň 1944-nji ýylda ýazan «Köp ekeliň dänäni!» atly watançylyk goşgusynyň uly täsir galdyrandygyny aýtdy. Goşgynyň ýazylan wagty onuň kakasy Berdimuhamet Annaýewiň gandöküşikli söweşleriň birinde agyr ýaralanan wagtyna gabat gelip, bu goşgy setirleri perzendiň öz pederine bolan ýürek duýgusyndan habar berýär. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň adyndan hem-de öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putine hoşallyk sözlerini beýan edip, röwşen baýramçylyk mynasybetli gutlaglaryny iberdi. Bellenilişi ýaly, ozal Berdimuhamet Annaýewe gowşurylan Russiýanyň döwlet sylagy — «Edermenligi üçin» atly medal ýaly, harby nyşanyň gowşurylmagyny ýurdumyzda beýleki halklar bilen egin-egne berip, Beýik Watançylyk urşunda duşman bilen gaýduwsyz göreşen hem-de umumy Ýeňşe mynasyp goşandyny goşan türkmenistanly esgerlere çuňňur hormatyň, şeýle hem Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky ynamly, dostlukly gatnaşyklaryň alamaty hökmünde kabul edýärler. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanlylaryň edermenligine ýokary baha berilmeginiň öz gahryman ata-babalarynyň şöhratly däplerini dowam edýän ýaş nesli has uly üstünliklere ruhlandyrjakdygyny belläp, A.Fomini şanly dabaralara bagyşlanyp geçirilýän harby ýörişe hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.

Soňky habarlar
11.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: - Ylym ýurdumyzyň beýik geljegidir
11.06
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy
11.06
Döwlet Baştutanymyza ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk ady dakyldy
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
top-arrow