Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Daşoguz welaýatynda şaly ekişi başlandy
Ykdysadyýet
Daşoguz welaýatynda şaly ekişi başlandy
Çap edildi 07.05.2020
2711

Daşoguz welaýatynyň ekarançylary şaly ekişine girişdiler. Şu ýyl bu ekin 8 müň 100 gektar ýere ekilip, ondan 35 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Ekişde ýöriteleşdirilen döwrebap oba hojalyk tehnikalary ulanylar. Şaly meýdanlarynyň ählis S. Türkmenbaşy adyndaky etrapda ýerleşýär, bu ýerde şalydan ýokary hasyl almak üçin zerur şertleriň ählisi döredilen, alyjylara ýokary hilli önüm iberýän, şeýle hem ýöriteleşdirilen hojalyklary tohum bilen üpjün edýän şaly arassalaýan döwrebap kärhana hereket edýär. Sebitde şalynyň ýerli howa şertlerine uýgunlaşan «Nukus-2, «Müňbaşy» we «Alenga» görnüşleri ýetişdirilýär. Döwlet tarapyndan goýberilýän maýa goýumlary netijesinde Daşoguz welaýatynda pudagyň ösen düzümleri döredildi. Sebitde ýöriteleşdirilen döwrebap tehnikalar, ýetişdirilen hasyly saklamak we gaýtadan işlemek üçin zerur kuwwatlyklar bar. Soňky ýyllarda bu ugurda ýurdumyzyň telekeçileri-de üstünlikli iş alyp barýarlar. Mysal üçin, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Timur Rejebow welaýatda kuwwatlylygy ýylda 250 tonna bolan şaly arassalaýan hususy önümçilik gurdy.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow