Şu gün «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Ulag ministrliginiň Demir ýol ulaglary edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Duşuşygyň barşynda Akina — Andhoý demir ýol şahasynyň gurluşygynyň meseleleri hem-de Turgundy — Hyrat demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, strategik ulgamlarda, şol sanda ulag ulgamynda bilelikdäki iri düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy Owganystandaky syýasy durnuklylygyň, onuň durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmeginiň, sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagynyň esasy şerti bolup durýar. 2019-njy ýylyň iýul aýynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat wekiliýet OYR-nyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina menzilinde 10 kilometrlik demir ýol şahasynyň ulanmaga berilmegi hem-de Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna başlanmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdylar. Bular we işleriň beýleki görnüşleri «Türkmendemirýollary» agentliginiň hem-de goňşy döwletiň Demir ýol ulaglary edarasynyň arasynda Owganystanyň Prezidentiniň ýurdumyza geçen ýylyň fewral aýynda amala aşyran resmi saparynyň barşynda gol çekilen Ähtnamanyň çäklerinde alnyp barylýar. Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen maslahata gatnaşyjylar pikir alyşmalaryň barşynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanan bu taslamanyň ulag düzüminiň giňeldilmegine hem-de doganlyk ýurtdan hyzmatdaşlarymyza utgaşykly logistiki hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir. Taraplar Akina — Andhoý we Turgundy — Hyrat demir ýol şahalarynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, olara täze logistika ugurlarynyň birikdirilmegi bilen bu demir ýol ugurlarynyň halkara ulag geçelgeleri hökmündäki ähmiýetiniň artjakdygyna ynam bildirdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar işleriň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak bilen, bu ugurdaky işleriň depginleriniň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyny bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer we parahatçylyk söýüjilikli syýasaty netijesinde Owganystanyň çäklerinde demir ýollaryň gurluşygynyň Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny bellemek gerek, şunda biziň ýurdumyzyň işgärler mümkinçilikleri we maddy serişdeleri peýdalanylar. Türkmen hünärmenleriniň üstüne diňe bir demir ýol şahalaryny çekmek, olara barýan ýollary gurmak işleri däl-de, ugurdaş düzümleriň desgalaryny abadanlaşdyrmak wezipeleri hem ýüklenilýär. Maslahatyň dowamynda şeýle hem OYR-nyň çäklerinden geçýän üstaşyr ýük akymlaryny hem-de demir ýol düzümleriniň işlerini netijeli guramak, «Lapis Lazuli» ylalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň arasynda ulag geçelgelerini mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça pikir alşyldy. Bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak bilen, çykyş edenler bu yklymara geçelgäniň (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa —Türkiýe) uly ähmiýetini nygtadylar, bu geçelgäniň işe girizilmegi giň geoykdysady çäklerde netijeli gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegine ýardam berer.