Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky türkmen-ukrain geňeşmeleri
Syýasy habarlar
Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky türkmen-ukrain geňeşmeleri
Çap edildi 15.04.2020
900

Şu gün göni wideoaragatnaşyk arkaly Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky nobatdaky türkmen-ukrain geňeşmeleri geçirildi. Onuň barşynda iki ýurduň gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, birnäçe ugurlarda özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça mundan beýläkki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag ulgamlary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Geňeşmelere gatnaşanlar deňhukuklylyk, netijelilik esasynda ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge özara gyzyklanmalary tassyklap, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain toparynyň işini güýçlendirmegiň wajypdygyny bellediler. Özara pikire görä, bilelikdäki bu topar eýýäm özüni ýokary we hökümetara derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň anyk guraly hökmünde görkezdi. Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak ýoly bilen ynamly barýan Türkmenistan Ukraina üçin Merkezi Aziýada möhüm hyzmatdaşlaryň biridir. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň gerimi daşary ýurtly kompaniýalaryň işlemegi üçin amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagynyň hasabyna ukrain işewürliginiň geljegi uly türkmen bazarynda işlemegini giňeltmäge bolan gyzyklanmalarynyň artmagyna ýardam berýär. Taraplar häzirki zaman türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan medeni-ynsanperwer ulgama hem uly üns berdiler. Bellenilişi ýaly, iki halkyň däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy özara Medeniýet günleriniň geçirilmegine, wekiliýetleriň Türkmenistanda hem-de Ukrainada geçirilýän dürli çärelere gatnaşmagyna ýardam berýär. Şeýle hem ylym, bilim we saglygy goraýyş ugurlary boýunça döwletara hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Halkara meseleleriň möhüm ugurlary hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar döwrüň möhüm meselelerini, ilkinji nobatda, parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit hem-de dünýä möçberinde durnukly ösüş üçin şertleri üpjün etmäge degişli meseleleriň çözülmegine iki ýurduň eýerýän ýörelgeleriniň we çemeleşmeleriniň ýakynlygyny nygtadylar. Onlaýn duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň we Ukrainanyň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak hem-de hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiligini amala aşyrmaga ýardam berýän Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleri geçirmek işini dowam etmek babatda pikirlerini aýtdylar.

Soňky habarlar
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy
16.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Mek­si­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Prezidentini gut­la­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di
top-arrow