Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasy bilen gatnaşyklaryny ösdürýär
Syýasy habarlar
Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasy bilen gatnaşyklaryny ösdürýär
Çap edildi 15.04.2020
1232

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) girmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň BSG bilen gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ykdysady syýasatynyň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň söwda we eksport kuwwatyny artdyrmaga degişli alnyp barylýan üstünlikli ýörelgesi bilen baglylykda garalýar. Mälim bolşy ýaly, halkara söwdany ýönekeýleşdirmek we bu ulgamda agza döwletleriň gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, 1995-nji ýylda döredilen Bütindünýä söwda guramasy täze söwda ylalaşyklarynyň işlenilip taýýarlanylmagyna hem-de ornaşdyrylmagyna jogap berýär, şeýle hem dünýäniň köp ýurtlary tarapyndan gol çekilen we olaryň parlamentleri tarapyndan tassyklanylan şertnamalaryň bu guramanyň agzalary tarapyndan berjaý edilişine gözegçilik edýär. Türkmenistanyň bu halkara düzüme girmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek maksady bilen, 2019-njy ýylyň iýul aýynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça ýörite hökümet topary döredildi. Onuň mejlisleriniň, şeýle hem ady agzalan guramanyň wekilleri we halkara bilermenler bilen geçirilen geňeşmeleriň netijeleri boýunça ýurdumyzyň BSG-ä synçy derejesinde gatnaşmagynyň ilkinji ädim hökmünde milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak üçin amatly mümkinçilikleri döretjekdigi nygtaldy. Ýeri gelende aýtsak, soňky ýyllarda Türkmenistanda halkara düzümler bilen hyzmatdaşlykda BSG-niň ýörelgelerini nazarda tutup, kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça çäreleriň toplumy durmuşa geçirilýär. Toparyň mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesini almagyna degişli anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, milli halk hojalyk toplumynyň halkara ykdysady gatnaşyklara goşulyşmak işini güýçlendirmek babatda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipesi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň umumy kabul edilen ýörelgelerini peýdalanmagyň esasynda üstünlikli çözülip bilner. Ýygnananlar Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmeginiň, ilkinji nobatda, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply ulgamlarynyň ösüşini işjeňleşdirjekdigini nygtadylar. Hususan-da, bular uglewodorod serişdelerine, gazy we nebiti gaýtadan işleýän döwrebap önümçilikleriň gurulmagyna degişli ulgamlardyr. Bütindünýä söwda guramasyna kabul edilenden soň, döwlete ähli halkara guramalaryň has amatly şertleri degişli bolýar, ykdysady ýeňillikler berilýär. Şeýlelikde, BSG-ä girmek boýunça alnyp barylýan işler Türkmenistanyň dünýäde geljekde eýelejek ornunyň berkidilmegine, ählumumy işlere işjeň gatnaşmak bilen birlikde, özüniň bäsdeşlige ukyply artykmaçlyklaryny has oňaýly peýdalanmak mümkinçiligine gönükdirilendir. Bu bolsa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki ykdysady derejesiniň ýokarlanmagyna getirer, karzlaryň we maýa goýumlaryň gelmegine kömek eder.

Soňky habarlar
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy
16.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Mek­si­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Prezidentini gut­la­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di
top-arrow