Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Daşoguzly pagtaçylar gowaça ekişine girişdiler
Ykdysadyýet
Daşoguzly pagtaçylar gowaça ekişine girişdiler
Çap edildi 29.03.2020
1351

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, howa şertlerine görä, ekişe ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz gijräk girişýän Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary gowaça ekişine başladylar. Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular ekişe ak pata berdiler. Olar Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň abadançylygyny, milli Liderimiziň janynyň hemişe sag, ömrüniň uzak bolmagyny Beýik Biribardan dileg edip, gowaçanyň ilkinji tohumlaryny topraga taşladylar we soňra mehanizatorlara orun berdiler. Şu ýyl demirgazyk sebitimizde 155 müň gektara gowaça ekiler, şonça meýdandan «ak altynyň» 275 müň tonnasyny ýygnap almak maksat edinilýär. Welaýatyň ekerançylary gowaçanyň «Daşoguz — 120», «Daşoguz — 144», «Serdar», «C — 4727», «Jeýhun», «149F» we beýleki orta süýümli görnüşlerine aýratyn ähmiýet berýärler. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bildirýän talaplaryna laýyklykda, ýöriteleşdirilen döwrebap tehnikalar — dürli kysymly traktorlar, ekijiler, hatar aralaryny bejerýän gurallar bu ekiniň geljekki hasylynyň ygtybarly binýadyny tutýan meýdan işleriniň takyk depginini üpjün eder. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylda tehnikalaryň üsti ABŞ-nyň «John Deere» kompaniýasynyň pagta ýygýan kombaýnlarynyň 300-si bilen ýetirildi. Şu ýyl bolsa bu kombaýnlaryň ýene 300-siniň gelmegine garaşylýar. Şu ýyl ýurdumyza «John Deere» kompaniýasynyň köpugurly traktorlarynyň 155-si, hatar aralaryny bejerýän gurallaryň 155-si hem-de ilkinji gezek sekiz hatarly takyk gowaça ekijileriň 98-si gelip gowuşdy. Olaryň ählisi sanly elektron telematik ulgamy arkaly dolandyrylýar. Şonuň bilen bir hatarda, 2019-2020-nji ýyllarda ýurdumyza «CLAAS» kompaniýasynyň sürüm traktorlarynyň 300-si, bejergi traktorlarynyň 550-si, azallaryň bolsa 300-si getirildi. 2019-njy ýylda Özbegistan Respublikasyndan tirkelýän pagta ýygyjy kombaýnlaryň 100-si, körek ýygýan kombaýnlaryň 200-si hem-de hatar aralaryny bejerýän gurallaryň 1502-si we derman pürküjileriň 600-si satyn alyndy. Bularyň hemmesi döwletimiziň oba hojalyk toplumyny yzygiderli goldaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýazky möwsüme badalga berilmeginiň öňüsyrasy Daşoguz welaýatynyň häkimliginde geçirilen maslahata etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, tejribeli agronomlar, mehanizatorlar, kärendeçi pagtaçylar gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlar ekiş möwsümini döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, has amatly möhletde tamamlamak, degişli agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek, şu möwsüme gatnaşjak ähli gulluklaryň takyk we sazlaşykly işlemegi bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de demirgazyk sebitiň obasenagat toplumynyň önümleriniň sergisi guraldy. Welaýatyň aýdym-saz hem-de folklor-döredijilik toparlarynyň çykyşlary ata Watanymyzy, mähriban halkymyzy, ýurdumyzyň gazananlaryny wasp edip, olar 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanyldy.

Soňky habarlar
11.03
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň belent ruhy bilen
11.03
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.03
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň, durnuklylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmaga goşant
10.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik liderini gutlady
10.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 611 müň dollaryndan gowrak boldy
09.03
Halkyň abadan durmuşy baradaky alada — döwlet syýasatynyň esasy ugry
08.03
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara
08.03
Zenanlar we çagalar baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli GUTLAGY
08.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna
top-arrow