Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 24.03.2020
799

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz owgan kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, Mohammad Aşraf Ganini Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanylmagy bilen gutlap, öz halkynyň bähbitleriniň we abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Owganystanyň Baştutany gutlaglar we mähirli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen gatnaşyklara tüýs ýürekden sarpa goýulýandygyny hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berilýändigini belledi. Şol syýasat sebitde geosyýasy deňagramlylygy, parahatçylygy we howpsuzlygy saklamagyň möhüm şerti bolup durýar. Söhbetdeşler soňky ýyllarda hyzmatdaşlygyň giňelýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen-owgan hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk ýörelgelerinde yzygiderli guralýar. Goňşy döwletleriň arasyndaky netijeli gatnaşyklar, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda amala aşyrylýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça çekilýän ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurulmagy ýaly giň gerimli taslamalar muňa mysal bolup biler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşmegi täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça strategik taslamalary amala aşyrmakda uly ähmiýete eýedir. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli) geçelgesini döretmek boýunça täze bilelikdäki taslama hem aýdyň mysal hökmünde görkezildi. Ol diňe sebitiň döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge däl-de, eýsem, Merkezi hem-de Günorta Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmaga hem ýardam eder. OYR-nyň Baştutany netijeli döredijilik syýasaty hem-de abadan durmuşy gurmakda owgan halkyna berilýän uly kömek üçin türkmen Liderine ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň teklip edýän, owgan meselelerini çözmäge çemeleşmeleri, başyny başlan iri ulag-aragatnaşyk taslamalary Owganystandaky ýagdaýy asuda kadalaşdyrmaga, durnuklylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny berkitmäge, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine uly goşant boljakdygyna berk ynam bildirildi. Medeni-ynsanperwer ulgamy hem döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Bu ugur ajaýyp milli däpleri aýawly saklaýan halklarymyzyň ýakynlaşmagynyň ýene-de bir şerti bolup durýar. Şolaryň biri hem Nowruz baýramydyr. Şunuň bilen baglylykda, iki goňşy ýurduň Baştutanlary parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy, tebigat bilen durmuşyň sazlaşygyny alamatlandyrýan bahar baýramy mynasybetli birek-biregi tüýs ýürekden gutladylar. Telefon söhbetdeşliginiň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň Liderleri özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow owgan kärdeşini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dekabr aýynda geçiriljek halkara derejedäki maslahata we çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Teklip minnetdarlyk bilen kabul edildi. Iki goňşy ýurduň Prezidentleri hoşlaşanlarynda doganlyk türkmen hem-de owgan halklaryna parahatçylyk, hoşniýetlilik we abadançylyk arzuw etdiler. Telefon söhbetdeşligi owgan tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Soňky habarlar
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow