Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglary iberdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglary iberdi
Çap edildi 20.03.2020
1420

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Nowruz güni mynasybetli döwlet Baştutanlaryna hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny iberip, doganlyk ýurtlara we halklara durnuklylyk hem-de gülläp ösüş baradaky iň oňat arzuwlaryny beýan etdi. Milli Liderimiz öz hatlarynda parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy, ylalaşygy, tebigat bilen sazlaşykly durmuşy alamatlandyrýan Nowruz baýramynyň täze günüň, täze başlangyjyň buşlukçysydygyny belledi. Ähli adamzadyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilen bu nurana baýramçylyk belent ynsanperwer maksatlary özünde jemläp, halklaryň arasynda jebisligi hem-de dostlugy pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ajaýyp baýramçylygyň doganlyk halklar üçin bagtyýarlygyň, şatlygyň we täze üstünlikleriň baýramçylygyna öwrülmegini hemmelere arzuw etdi.

Soňky habarlar
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy
16.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Mek­si­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Prezidentini gut­la­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di
top-arrow