Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň wise-prezidentini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň wise-prezidentini kabul etdi
Çap edildi 13.08.2015
1167

Aşgabat, 13-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň wise-prezidenti jenap Wensaý Çžany kabul etdi. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, sebitiň öňdebaryjy maliýe düzümleriniň sazlaşykly ösýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Jenap Wensaý Çžanyň belleýşi ýaly, Aşgabat özüniň köpsanly kaşaň binalary bilen ýyl-ýyldan keşbini özgerdýär. Munuň özi Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň durmuşa geçirýän döredijilikli we öňdengörüjilikli syýasatynyň oňyn netijelere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Myhman Aziýanyň ösüş bankynyň bilermenleriniň çaklamalaryna görä, türkmen döwletiniň milli ykdysadyýetiniň ösüşiniň möhüm görkezijileri hökmünde şu ýylyň ahyryna çenli jemi içerki önümiň 9,5 göterim derejesinde saklanjakdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde onuň ägirt uly ykdysady we serişde kuwwatynyň bardygy, amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň abraýly halkara maliýe guramalary bilen özara peýdaly esasdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, Aziýanyň ösüş bankynyň gatnaşmagynda birnäçe milli we halkara derejesindäki taslamalaryň, şol sanda “Demirgazyk-Günorta” demir ýolunyň gurluşygy durmuşa geçirildi. Milli Liderimiz bu iri sebit maliýe düzüminiň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gyz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň Transaksiýa Geňeşçisi hökmünde çykyş edýändigini kanagatlanma bilen belläp, AÖB-nyň wise-prezidentine hyzmatdaşlyga bolan işjeň çemeleşmeleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljegi we mümkinçilikleri boýunça işjeň pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiz we myhman gatnaşyklaryň ösdürilmegine we oňa has-da netijeli häsiýet bermäge taýýardygyny nygtap, Türkmenistanyň we tutuş sebitiň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşine gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna bolan çemeleşmeleri ylalaşdylar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatyň baş maksady Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwrülmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň netijeliliginiň we onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna, uzakmöhletleýin esasda täzeçil kuwwatlyklaryň artdyrylmagyna gönükdirilen düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ösdürilmegine esasy üns berilýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde Türkmenistan Aziýa ösüş bankynyň arasydaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny belläp, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge ygrarlydygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aziýanyň ösüş bankynyň hyzmatdaşlyk babatda öňe sürýän täze tekliplerini öwrenmäge taýýardygyny aýtdy. Jenap Wensaý Çžanyň nygtaýşy, Aziýanyň ösüş banky iri maýa goýum taslamalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanylan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň durmuşa geçirilmegine tehniki we maliýe taýdan goldaw bermäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, myhman taslama gatnaşyjy ýurtlar we tutuş sebitiň döwletleri üçin bähbidi bolan TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ykdysady taýdan örän ähmiýetlidigini belledi. Aziýanyň ösüş bankynyň wise-prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky başlangyçlarynyň wajypdygyny nygtady. Bank-maliýe ulgamy, ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk pudagy gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bellenilişi ýaly, Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanyň hususy telekeçilerine, şeýle hem hünärmenleri taýýarlamak işine goldaw bermäge taýýardyr. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman ikitaraplaýyn gyzyklanmalara kybap gelýän özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
top-arrow