Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň we Germaniýanyň işewürler toparlarynyň duşuşygy
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň we Germaniýanyň işewürler toparlarynyň duşuşygy
Çap edildi 23.01.2020
1366

Şu gün paýtagtymyzda, Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň işewürler toparlarynyň duşuşygy geçirildi. «Tegelek stol» görnüşinde guralan duşuşygyň barşynda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika ministrliginiň Daşary ykdysady syýasaty departamentiniň başlygynyň orunbasary doktor Andreas Nikoliniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň agzalary ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bilen dürli taslamalary amala aşyrmakda bilelikde iş alyp barmagyň möhüm ugurlaryna garadylar. Taraplar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty hem-de iki dostlukly döwletiň işewürler toparlarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar. Myhmanlar türkmen ykdysadyýetiniň innowasiýa esaslanýan ösüş ýoluny kanagatlanma bilen bellediler. Bu ugur ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýy we daşary ýurt kompaniýalarynyň işlemegi üçin oňat şertleri döredýär. Türkmenistanyň we Germaniýanyň hünärmenleriniň nobatdaky duşuşygy özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ikitaraplaýyn isleglerine şaýatlyk edýär. Türkmenistan Germaniýa Federatiw Respublikasyna geljegi uly ykdysady hyzmatdaşlaryň biri hökmünde garaýar. Iri nemes kompaniýalary köp wagtdan bäri ýurdumyzda saglygy goraýyş, lukmançylyk, oba hojalygy, ulag hyzmaty ulgamlarynda bilelikdäki giň gerimli taslamalary amala aşyrmakda üstünlikli işläp gelýärler. Şolaryň hatarynda, «Siemens AG», «Сlaas Global Sales GmbH», «John Deere Walldorf GmbH & Сo.KG», «Umaх Trade GmbH» we beýleki kompaniýalar bar. Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika ministrliginiň wekili Andreas Nikolin öz ýurdunyň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanýandygy barada aýdyp, esasy nemes kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga çalyşýandygyny beýan etdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda, şol sanda nebitgaz, gurluşyk, himiýa ulgamlarynda giň gerimli özgertmeleri yzygiderli we maksada okgunly durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady we serişde kuwwaty bilen şertlendirilendir. «Tegelek stoluň» başyndaky duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen gurluşyk serişdeleri, azyk senagaty üçin enjamlar, oba hojalygy ulgamynda maşyn gurluşygy, turba we sorujy tehnologiýalary, elektrotehnika, senagat aragatnaşygy we howpsuzlyk ulgamlarynda işleýän nemes kompaniýalarynyň wekilleriniň birnäçesi bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda diňe öz Watanynda däl, eýsem, Germaniýanyň çäginden daşda hem meşhur bolan «Anton Ohlert GmbH &Сo», «Basalt AG», «SIСK», «Stäubli Bayreuth GmbH», «Teхtima Eхport Import GmbH», «MTS Mangal Transport & Shipping», «ZAB Zementanlagenbau GmbH», «LEISTRITZ Eхtrusions GmbH», «WILO SE», «Edison Teсhnologies GmbH», «Firma Gregori Weiser» hem-de beýleki birnäçe nemes kompaniýalarynyň wekilleri öz tekliplerini beýan etdiler. Ýurdumyzyň we GFR-iň işewür toparlarynyň duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen «СOMMIT PROJECT PARTNERS GmbH» (GFR) kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.

Soňky habarlar
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow