Şu gün Türkmenistanda täze, 2020-nji ýylyň başlanýan güni ilkinji dünýä inen bäbegiň ene-atalaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy we milli Liderimiziň aýdan bagtly durmuş, sagdynlyk we abadançylyk baradaky arzuwlary aýdyldy. Bu körpeje Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde täze ýylyň ilkinji pursatlarynda dünýä indi. TDH agentligine Merkeziň işgärleriniň habar berişleri ýaly, çaganyň we enäniň saglyk ýagdaýy kanagatlanarly. Doglan oglanjygyň agramy 3 kilogram 610 gram, boýy 52 santimetr. Bäbejige Mekan diýlip at goýuldy. Çaganyň bagtyýar ene-atalary--Annaýewleriň maşgalasy çagany we eneligi goldamak boýunça durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatyny alyp barýandygy, ösüp barýan ýaş nesiller hakynda alada edýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Munuň özi olaryň kalbynda mähriban Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny besleýär. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2015-nji ýylyň 20-nji iýulynda açylandygyny bellemek gerek. Bu iri lukmançylyk edarasy ylmyň we tejribäniň esasy ugurlaryny özünde jemleýär. Bu ýerde şeýle hem irki ösüş we irki dikeldiş bölümi hem hereket edýär. Şol bölüm pediatriýada umumymilli derejede täze ugurdyr. “Biz çagalarymyzyň beden we ahlak taýdan sagdyn, bilimli we oňat terbiýeli adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda hemişe alada ederis” diýip, milli Liderimiz belleýär. Türkmenistan --Birleşen Milletler Guramasynyň yglan eden Durnukly ösüş maksatnamalaryny yzygiderli we üstünlikli durmuşa geçirýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Dünýä bileleşigi bilen BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde çaganyň saglygyny, olaryň hukuklaryny goramak, adamzadyň ahlak-demokratik ýörelgeleri esasynda terbiýelemek we bilim bermek, eneleriň we çagalaryň hukugyny hem-de bähbitlerini goramak boýunça beýleki halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we bu ugurdaky tagallalaryň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, garaşsyz döwletimiz birnäçe möhüm halkara-hukuk kadalaryna, şol sanda çagalaryň durmuşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnama, BMG-niň çagalaryň hukuklaryny goramak baradaky Konwensiýa goşuldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň we zenanlaryň derejesi baradaky Komissiýanyň agzasy bolmak bilen, Türkmenistan çagalaryň saglygyny goramak, olara ýokary hilli bilim bermek, geljek nesilleriň durmuş goraglylygyny üpjün etmek boýunça bilelikde ägirt uly işleri alyp barýar. Milli Liderimiz bu ugurlar boýunça giň hyzmatdaşlygy, şol sanda ýurdumyzda enäni we çagany goramak baradaky maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan ÝUNISEF bilen özara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ornuň degişlidigini belleýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmak babatda ýokary netijelere eýe boldy. Keselleriň sanyny azaltmak, eneleriň we çagalaryň ölümini peseltmek, şeýle hem çagalaryň immunizasiýasynyň we beýlekileriň ýokary derejesi ýaly ugurlar hut şeýle üstünliklere degişlidir. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça çilimkeşlige garşy strategiýa işlenip taýýarlanyldy we ol durmuşa geçirilýär. Bedenterbiýe-sport hereketi barha giň gerime eýe bolýar. Çaganyň ene süýdi bilen iýmitlendirilmegi we gan azlyga garşy göreş boýunça milli maksatnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, iri halkara guramalary tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy. Hususan-da ýurdumyzyň çaga dogrulýan öýleriň ählisi diýen ýaly BSGG-nyň bilermenler tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen “Çaga hoşmeýilli garamagyň hassahanasy” diýen ýokary halkara derejä mynasyp boldy. Türkmenistanda maşgalanyň, enäniň we çaganyň saglygyny goramaga, ösüp barýan ýaş nesilleri terbiýelemegä we olara bilim bermäge döwlet tarapyndan goldaw bermegiň toplumlaýyn ulgamy döredildi. Munuň özi kanunçylyk üpjünçiliginden başlap, ulgama dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmaga bolan aralygy öz içine alýar. Çagalaryň beden we ruhy taýdan ösüşi, olaryň ukyplaryny we zehinlerini açyp görkezmekleri üçin sagdyn durmuş gurşawynyň döredilmegine häzirki zaman mugallymçylyk maksatnamalary, bilim özgertmeleri, şeýle hem olaryň okadylmagyna, saglygynyň goralmagyna, sportuň ösdürilmegine, peýdaly dynç alyş düzüminiň işjeňleşdirmegine ägirt uly döwlet serişdeleri gönükdirilýär. Köp çagaly maşgalalara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan täze öýleriň berilmegi hemmetaraplaýyn aladanyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Her ýylda sekiz we ondan köp çagany dünýä indiren hem-de ösdürip ýetişdiren enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” atly hormatly atlary berilýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan häzirki zaman “Ene mähri” lukmançylyk merkezleri ilata diňe bir ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek bilen çäklenmän, eýsem, eneleriň we çagalaryň saglygyny berkidilmegine, maşgalanyň meýilnamalaşdyrylmagyna gönükdirilen barlaglary geçirýän iri ylmy merkezleri bolup durýarlar. Türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak ýörelgelerine möhüm üns berilýär. Şeýlelikde, döwletimizde ilatyň belli gatlaklaryna, şol sanda saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan çagalara hukuk kepillikleriniň, ykdysady we durmuş hyzmatlarynyň toplumyny öz içine alýan döwlet goldawy berilýär. Türkmenistanda ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmekde, şeýle hem medeniýetde, syýahatçylykda, peýdaly we netijeli dynç alşy guramakda, umumymilli derejesinde bolşy ýaly, halkara çäklerindäki dürli döredijilik bäsleşiklerini geçirmekde ägirt uly netijeler gazanyldy. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary dünýäniň onlarça döwletlerinden zehinli çagalaryň gatnaşmagynda geçirilýän ders olimpiadalaryna, şeýle hem sport ýaryşlaryna gatnaşyp, döwletimize mynasyp wekilçilik edýärler. Çagalary sport bilen işjeň meşgullanmaga çekmek arkaly ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň üçin bolsa ýurdumyzda ähli zerur şertler döredildi. Gözel künjekde ýerleşen Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezleri, Hazaryň kenaryndaky ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagy hem-de welaýatlardaky sagaldyş merkezleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminde bu ýerde çagalar üçin gyzykly wakalar, duşuşyklar, medeni we sport çäreleri, aň-paýhas we döredijilik bäsleşikleri garaşýar. Çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, şahsyýetiň kemala gelmegi we ukybyňy açyp görkezmek ugrunda zerur şertleri döretmek ugrunda hormatly Prezidentimiz yzygiderli tagalla edýär. Munuň özi ilkinji nobatda, mähriban Watanymyzyň ykbalyna, halkymyzyň geljegine dahylly bolmak ýaly beýik jogapkärçilik bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda mekdebe çenli bolan bilimi ösdürmek ulgamy işjeň özleşdirilýar. Oňa okatmagyň irki döwrüniň kämil maksatnamasy ornaşdyrylýar. Şol bir wagtyň özünde mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sanly bilim ulgamyny ösdürmek hereketi döwlet derejesinde höweslendirilýär. Şunlukda, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça bu ugruň milli konsepsiýasy işlenip taýýarlandy. Halkymyz paýhasly, sagdyn bedenli, asylly, terbiýeli, bilimli we zehinli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegiň bahasyz ýörelgelerini, maşgala dessurlaryny döretdi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Köp asyrlaryň dowamynda bu ýörelgeler nesilden-nesle geçip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli terbiýäniň esasyny düzýär. “Çaga-ömrüň dowamy”, “Çagany ýaşdan...”, “Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň çägi” we beýlekiler ýaly pederlerimiziň döreden paýhasly jümlelerinden ruhlanyp, beden we ruhy taýdan sagdyn, ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly nesilleriň kemala getirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde olar üçin döwrebap çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, medeni-dynç alyş zolaklary guruldy we olaryň gurluşygy dowam edýär. Türkmenistanyň çagalarynyň şat durmuşy hormatly Prezidentimiziň biziň nurana geljegimiz, ygtybarly daýanjymyz bolan ýaşajyk raýatlarymyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşine, saglygyna we abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň oňyn netije berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.