Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Baýramçylygyň öň ýanynda Watanymyzyň sebitlerinde täze binalar ulanylmaga berildi
Jemgyýet
Baýramçylygyň öň ýanynda Watanymyzyň sebitlerinde täze binalar ulanylmaga berildi
Çap edildi 11.12.2019
1110

Ýola goýlan asylly däbe görä, Garaşsyz Türkmenistan üçin şanly baýramçylyk bolan Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze gurlan desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Şolara şäher, welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak barada edýän aladasy üçin hoşallyk sözlerini beýan edip, milli Liderimize jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür, Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdiler. Dürli maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegi döwletimiziň welaýat, etrap dolandyryş merkezlerinde, şäherlerde we obalarda adamlaryň abadançylygynyň möhüm şerti bolup durýan döwrebap durmuş-ykdysady düzümi döretmäge uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmen topragynyň ähli künjeklerinde gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk gurluşyklar dowam edip, şolar sebitleri ösdürmäge täze itergi berip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir. Baýramçylyk lybasyna beslenen täze binalaryň çäginde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gazanan üstünliklerini wasp edýän aýdymdyr sazlar ýaňlandy. Işde tapawutlanan ýerli kärhanalaryň gurluşykçylaryna gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şu gün Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda täze jaý toýlary tutuldy, bu ýerde 200-den gowrak maşgala üçin otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi ulanylmaga berildi. Paýtagtymyzyň günorta-gündogarynda kemala gelýän bu ýaşaýyş jaý toplumyna sazlaşykly goşulan täze belent jaýlar Aşgabady ösdürmegiň maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň alamatlarynyň birine öwrüldi. Jaýlaryň ikisi 54 öýden, biri 108 öýden ybarat bolup, şolaryň içinde şähergurluşygynyň ýokary talaplaryna kybap gelýän iki, üç we dört otagly öýler täze tehnikalar we beýleki amatlyklar bilen üpjün edildi. Otaglar timarlananda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns berýän döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri ulanyldy. Abadanlaşdyrylan ýanaşyk ýerlerde çagalar oýnamak üçin hem-de sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar göz öňünde tutuldy. Täze jaýlaryň ýanynda däp-dessurlara eýe bolan aýdym-sazly toýlaryň birbada ikisi tutuldy. Bu waka şu günki dabaralara milli öwüşgin çaýdy. Maşgalalaryň birinde tutulan bäbek toýy bolsa täze jaý eýeleriniň şatlygyny goşalandyrdy. Ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi olar üçin goşa toýa öwrüldi.

***
Şu gün Änew şäherinde täze ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi. Ol Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda «Gerçek ýigit» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edildi. Dört gatly, 40 öýli jaýyň açylyş dabarasyna Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow, etraplaryň, şäherleriň we welaýatyň häkimlikleriniň, gurluşyk edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Täze gurlan jaýyň bir, iki we üç otagly amatly öýlerinde ýyladyş ulgamlary, aşhana we beýleki enjamlary oturdyldy. Jaýyň ýanaşyk ýerleri bagy-bossanlyga büreldi. Bu ýerde sport meýdançasy, awtoduralga hem-de dynç alyş zolagy göz öňünde tutuldy.
***
Şu gün Balkanabat şäherinde ähli amatlyklary bolan iki sany üç we dört otagly ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabara boldy. Desgalar Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Balkannebitgazgurluşyk» trestiniň gurluşykçylary tarapyndan günbatar sebitiň dolandyryş merkeziniň täze etrapçalarynyň birinde bina edildi. Bu künjek häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan şähergurluşyk syýasaty netijesinde binagärlik keşbini okgunly özgerdip, gözüň alnynda ösýär, giň köçeleri we şaýollary, saýaly baglary we seýilgähleri bolan owadan şähere öwrülýär. Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrunda gurlan 2 sany ýaşaýyş jaýynyň her biri 24 hojalyga niýetlenen öýleriň otaglary giň we ýagty, oňaýly aşhanasy bar. Olaryň açarlary «Balkantelekom» welaýat elektrik-aragatnaşyk kärhanasynyň hünärmenlerine gowşuryldy. Şu günler Esenguly etrabynyň Bugdaýly şäherçesinde ruhubelentlik hem-de şatlykly ýagdaý höküm sürýär. Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň öň ýanynda bu ýerde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Körpeje gaz çykaryjy müdirliginiň hünärmenleri täze jaý toýlaryny tutdular. Her birinde iki we üç otagly öýleriň 16-sy bolan iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ikisini «Nebitgazçykaryş» trestiniň gurluşyk-gurnama dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri gurdular. Ýola goýlan däbe görä, täze jaý eýeleri üçin milli däp-dessurlary, aýdym-sazly konsertleri öz içine alan jaý toýlary tutuldy. Himiýa senagatynyň kärhanalary önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrýarlar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kärhanasynda täze önümhana açylyp, onda her ýyl ýodlaşdyrylan nahar duzunyň 40 müň tonnasy hem-de gerdejik görnüşli tehniki duzuň 2500 tonnasy öndüriler. Duz köli bu kärhananyň çig mal binýady bolup hyzmat edýär. Ol Hazar deňziniň kenarynda Türkmenbaşy şäherinden 40 kilometr demirgazykda ýerleşip, ýurdumyzda nahar duzunyň iri tebigy ýatagy bolup durýar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan GDA döwletleriniň hatarynda hem-de Merkezi Aziýada ilkinji, dünýäde dördünji döwlet bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň raýatlaryň saglygy hakynda alada etmegi netijesinde umumy kabul edilen halkara ölçeglere laýyklykda, ilatyny ýodlaşdyrylan duz bilen üpjün eden ýurt hökmünde ykrar edildi. Bu önümçilik ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz işleýär, çünki nebitgaz, dokma we beýleki pudaklarda, şeýle hem jemagat hojalygynda giňden ulanylýan ýokary hilli gerdejik görnüşli tehniki duz ýodlaşdyrylan nahar duzy taýýarlanylýarka howa göterilýän tozgalardan öndürilýär. Täze desga «EKOSOLT» kompaniýasynyň döwrebap kuwwatly enjamlary bilen üp jün edildi. Duz kölünden alynýan çig mal bu ýerde gaýtadan işlemegiň birnäçe tapgyryndan geçýär, suw bilen ýuwulýar we guradylýar. Taýýar önüm ilata ýerlemek üçin 1 we 2 kilogram agramly plastik bedrejiklere, şeýle hem kagyz haltalara gaplanylýar. Olaryň hil görkezijileri bu ýerdäki barlaghanada anyk kesgitlenilýär.
***
Şu gün S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň çäginde ýyladyşhana toplumy ulanylmaga tabşyryldy. Desga Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altyn tug» hususy kärhanasyna bölünip berlen 12 gektar ýerde bina edilip, onuň 11 gektary gök ekinleri ýetişdirmäge niýetlenendir. Täze gurlan desga hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny, kiçi we orta işewürligi hemmetaraplaýyn goldamak baradaky başyny başlan döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň tassyknamasy boldy. Bu ýerde, özleşdirilen meýdanlaryň esasy böleginde ýokary hasyllylygy hem-de ajaýyp tagam häsiýeti bilen tapawutlanýan pomidorlaryň birnäçe görnüşi, şol sanda «çerri» görnüşi hem ýetişdirilýär. Öndürilýän önümleriň görnüşlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň demirgazygynda ýyladyşhana şertlerinde we senagat möçberinde ilkinji gezek ýetişdirilen ýertudanalarynyň üç görnüşi hem-de gyzyl we sary bulgar burçlary bar. Täze toplum daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ilaty ýylyň dowamynda ter miwe we gök önümler bilen üpjün etmek baradaky maksatnamany amala aşyrmaga uly goşant goşar. Bu ýöriteleşdirilen, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary tehnologiýaly kärhana bolup durýar. Ol önüm öndürmek üçin has oňaýly şertleri awtomatik ýagdaýda döretmäge, şol sanda kesgitlenen howa hem-de ýagtylyk ýagdaýlarynyň, çyglylygyň berjaý edilmegini hem-de topragyň ýokumly maddalar bilen baýlaşdyrylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. 150-den gowrak iş orunlary döredilen toplum bir ýylda ekologiýa taýdan arassa pomidorlaryň 2 müň tonnasyny we ýertudananyň 100 tonnasyny öndürer. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berýär. Şu gün welaýatyň dolandyryş merkezi bolan Daşoguz şäheriniň saglygy goraýyş edaralarynyň üsti ýene-de bir döwrebap desga bilen ýetirildi. Bu ýerde «Älem açar» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan bina edilen täze Saglyk merkezi ulanylmaga berildi. Iki gatly bina Şagadam köçesiniň ugrunda bina edilýän täze iri ýaşaýyş toplumynyň düzüm bölekleriniň birine öwrüldi. Bu toplumda oňaýly, köp öýli jaýlaryň onlarçasy hem-de durmuş-medeni maksatly desgalar bar. Umumy meýdany bir gektardan gowrak bolan Saglyk merkezi ilata bejeriş we anyklaýyş häsiýetli hyzmatlaryň köp görnüşini hödürlär. Ol dürli keselleri öz wagtynda ýüze çykarmaga hem-de bejermäge ýardam edýän, Ýewropada öndürilen täze enjamlar bilen üpjün edildi. Täze lukmançylyk edarasynda onlarça dolandyryş we lukman otaglary, sanjym otaglary, hirurgiýa bejeriş otagy, barlaghana, dermanhana ýerleşdirildi. Dermanhananyň önümleriniň görnüşlerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp jiltlik ylmy işinde Türkmenistanyň çäklerinde ösüp ýetişýän dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanylan serişdeler hem giňden goýlupdyr. Mundan başga-da, şu gün Köneürgenç şäherinde Gürgenç şaýolunyň ugrunda bina edilen köp öýli ýaşaýyş jaýy ulanylmaga tabşyryldy. Üç we dört otagly öýleriň on altysyndan ybarat dört gatly täze jaý «Türkmensenagat» agentliginiň «Türkmendemirbetonönümleri» döwlet kärhanasynyň Daşoguz demir-beton önümleri zawodynyň gurluşyk bölümleriniň hünärmenleri tarapyndan guruldy. Otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan öýler giň we beýik bolup, jaýyň açyk eýwany aýnalanandyr. Bu ýerde dürli maksatly goşmaça otaglar guruldy. Jaýyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy we yşyklandyryldy.
***
Şu gün Türkmenabatda täze jaý eýelerine 3 sany täze 4 gatly, her biri 24 hojalyga niýetlenen oňaýly öýleriň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu jaýlar welaýatyň dolandyryş merkeziniň demirgazyk-günorta böleginde bina edilip, döwrebap binalaryň binagärlik toplumyny bezedi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şähergurluşygyna bildirýän talaplary nazara alnyp, taslamasy düzülen täze jaýlar ýerli «Altyn gül» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Uly we kiçi maşgalalara niýetlenen giň, owadan bezelen öýlerde ýaşaýjylar üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Diýarymyzyň öndürijileri tarapyndan taýýarlanylan ýokary hilli mebelleri bolan aşhana, döwrebap nusgalardaky köp dürli durmuş tehnikalary, öýe girilen ýerdäki enjamlaşdyrylan giň ýer oňaýlylygyň ýokary talaplaryna kybap gelýär. Öýler suw, gaz we energiýa üpjünçiliginiň merkezleşdirilen ulgamy bilen enjamlaşdyrylypdyr. Jaýlaryň daşynda çagalaryň oýun we sport meýdançalary gurnalypdyr. Ýanaşyk ýerler abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga büreldi.
***
Şu gün Mary şäheriniň ýaşaýjylary baýramçylyga ajaýyp sowgat aldylar. Welaýatyň dolandyryş merkezinde Aga Hanjaýew köçesiniň ugrundaky binalar toplumynyň üstüni dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsi ýetirdi. Olar Mary şäher jemagat abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň işçileri tarapyndan bina edildi. Paýly gurluşyk esasynda gurlan ýaşaýyş jaýlaryň her birinde 2, 3 we 4 otagly öýleriň 60-sy bolup, olaryň giň eýwanlary we otaglary bar. Jaýlaryň daşky binagärlik keşbi içki gurluşyň amatlylygy bilen utgaşýar. Ýagty otaglar, oňat timarlaýyş işleri, giň aşhana — bularyň hemmesi täze jaý eýeleriniň göwnünden turdy. Şeýle hem şu gün Mary etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginde süýt önümlerini gaýtadan işlemäge niýetlenen kärhana ulanylmaga berildi. Azyk bolçulygyny üpjün etmäge goşant goşjak önümçilik maksatly täze desga gurlanda hünärmenler öňdebaryjy tejribäni, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny ugur edindiler. Oba hojalyk we azyk önümlerini gaýtadan işlemäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň haryt öndürijilerine hemmetaraplaýyn goldaw bermegi netijesinde uly üstünlikler gazanyldy. «Rowaçly çeşme» hususy kärhanasynyň desgasy bank karzynyň we hususy serişdeleriň hasabyna guruldy. 2 gektar meýdanda ýerleşdirilen täze desga Hytaýdan, Germaniýadan, Gresiýadan satyn alnan döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýylda dürli süýt önümleriniň 1500 tonnasy öndüriler. Olar — ýogurtlar, gatyklar, gaýmaklar, süýtdür beýleki önümler bolup, jemi 20-ä golaý görnüşli önümlerdir.

Soňky habarlar
28.11
Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk
28.11
Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
28.11
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
top-arrow