Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik — türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleriniň möhüm ugry
Ykdysadyýet
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik — türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleriniň möhüm ugry
Çap edildi 24.09.2019
1154

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Hoşzaman» hususy kärhanasynyň guşçulyk toplumynda ilkinji bir million jüýje çykaryldy. Ýurdumyzyň telekeçileriniň täze taslamasy Türkmenistanda jüýje ösdürip ýetişdirmek boýunça öz binýadymyzy döretmäge gönükdirilendir. Onuň çäklerinde müşderilere üç aýlyk towuklaryň eýýäm 560 müňüsi ýerlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de obasenagat toplumyny depginli ösdürmekden ybaratdyr. Bu bolsa ýurdumyzda azyk bolçulygyny, ilatyň durmuşynyň ýokary derejesini we hilini üpjün etmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi kemala getirmek hem-de önümleriň eksport edilişini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde ähli welaýatlarda maldarçylyk, guşçulyk we ýyladyşhana toplumlaryny özünde jemleýän obasenagat ulgamlary, oba hojalyk çig malyny gaýtadan işleýän kärhanalar döredilýär, şolarda öňdebaryjy tejribe esas edilip alynýar, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Giň gerimli bu işlere obasenagat işewürliginde öz eýeleýän orunlaryny ýyl-ýyldan berkidýän ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary maksada gönükdirilen döwlet goldawynyň netijesinde oba hojalygynyň dürli pudaklarynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik aldylar. Azyk ulgamynda indi 15 ýyl bäri ýöriteleşdirilen «Hoşzaman» kärhanasy alyp barýan işiniň gerimini ep-esli giňeltdi. Ine, Ahal welaýatyndaky guşçulyk toplumynyň çäklerinde «Kutlusan» (Türkiýe) kompaniýasynyň ýörite enjamlary bilen üpjün edilen guşlaryň 26 müňüsini saklamaga niýetlenen ýerler guruldy. Geçen ýylyň sentýabr aýynda şol ýerlerde Ýewropada we dünýäniň beýleki sebitlerinde giňden ýaýran «Lohman-lsl-classic» görnüşli tohumlyk jüýjeleri ýerleşdirildi. Bu towuklaryň asly Germaniýadan bolup, olaryň ady «Lohmann Tierzucht GmbH» firmasyndan gelip çykýar. Bu firma geçen ýüzýyllygyň 70-nji ýyllarynda seçgiçilik işleriniň netijesinde ganatlylaryň täze görnüşini döretdi. Bu tohum olardan ýumurtga almak maksady bilen ösdürip ýetişdirmek üçin ajaýyp häsiýetnamalary — ýokary netijeliligi, sowuk we yssy howa şertlerinde oňat uýgunlaşyp bilýändigi bilen tapawutlanýar. «Hoşzaman» guşçulyk toplumynyň düzümine ýyllyk kuwwaty 2 million ýumurtga barabar bolan inkubator girýär. Ol bu ulgamda dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolan «PasReform» (Niderlandlar) kompaniýasynyň enjamlary we innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edildi. Zawoddan satyn alnan tohumdan ösdürilip ýetişdirilen öz towuklaryndan alnan ýumurtgalaryň ilkinji tapgyry inkubatorlara şu ýylyň aprelinde goýuldy. Indi bolsa bu ýerde her aýda 200 müňden gowrak jüýje alýarlar. Olary ösdürip ýetişdirmäge ýörite ýerleriň 13-si niýetlenip, şol ýerlerde bir wagtyň özünde bir günlükden 90 günlüge çenli bolan guşlaryň 2 millionyny saklap bolýar. Şeýlelikde, Türkmenistanda towuk etiniň we ýumurtganyň önümçiligini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýän ýene-de bir taslama durmuşa geçirildi. Onda häzirki zaman guşçulygynda peýdalanylýan tehnologiýa ulanylýar.

Soňky habarlar
14.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.11
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi
14.11
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistan ýewropaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ilerledýär
13.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
13.11
Türkmenistanda Niger Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
13.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy
12.11
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
12.11
Aşgabatda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow