Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen işewürleri gawuny Awstriýa eksport etmäge girişdiler
Ykdysadyýet
Türkmen işewürleri gawuny Awstriýa eksport etmäge girişdiler
Çap edildi 23.09.2019
1344

Indi Wenanyň ýaşaýjylary hem süýji, şireli we hoşboý ysly türkmen gawunlaryna mynasyp baha berip bilerler. Awstriýa Respublikasynyň paýtagtyna Türkmenistanyň agrosenagat toplumynda ýetişdirilen gawunlaryň 18,5 tonnasy eltildi. «Gyzyl gülaby» atly meşhur gawuny «Turope Consult GmbH» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşygyny ýola goýan «Ter önüm» hojalyk jemgyýeti tarapyndan eksporta iberilýär. Ekologiýa taýdan arassa karton gutulara gaplanan güneşli türkmen topragynyň bu nygmaty «Volvo» kysymly sowadyjy ýük awtoulaglarynda awstriýaly alyjylara ugradyldy. Mälim bolşy ýaly, abraýly halkara sergilerde altyn medallara mynasyp bolan gawunlar dünýäde özleriniň adatdan daşary süýjüligi we ýakymly ysy bilen şöhratlanýar. Ýurdumyzda gawun bakja ekinleriniň şasy saýylýar. Ol ýokumlylygy we şirinligi, iýmitlik we bejerijilik aýratynlygy, aslynda, günorta kuýaşynyň, topragymyzyň hasyllylygynyň altyn nyşany, ynsan bilen tebigatyň ajaýyp bileleşigi hökmünde bu ada doly mynasypdyr. Naýbaşy görnüşleriniň ýüzlerçesi bakjaçylygyň dünýä gaznasynda bellige alnan türkmen gawuny beýik medeni mirasyň aýrylmaz bölegidir, halkymyzyň milli baýlygydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäginde oba hojalygynyň beýleki ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, bakjaçylygyň ösdürilmegine hem badalga berildi. Türkmen bakjaçylary we seçgiçileri asyrlaryň dowamynda toplanan tejribäni we häzirki zaman agrar ylmynyň gazananlaryny hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary öz işlerinde birleşdirip, bal ýaly süýji gawunlaryň bol hasylyny ýetişdirýärler. Obasenagat toplumynyň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň wekilleri hem işjeň çekilýär. Türkmen işewürligi içerki bazary dürli görnüşli azyklyk önümler bilen üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek bilen bir hatarda, daşary söwda aragatnaşyklaryny hem yzygiderli ösdürýär, miwe, gök önüm, bakja ekinlerini eksporta iberiji hökmünde öz ornuny barha berkidýär. Şunlukda, işewürler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Türkmenistanda öndürilen harytlaryň eksport möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. «Ter önüm» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işi munuň aýdyň mysalydyr. Bu jemgyýetiň Russiýadan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan, Ýewropa Bileleşiginiň birnäçe ýurtlaryndan bolan hemişelik müşderileri bilen gatnaşyklary barha giňeýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kompaniýanyň 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylary ýokumly önümler bilen üpjün etmekde halkara bäsleşigiň ýeňijisi bolmak bilen giň meşhurlyga eýe bolandygyny ýatlamak hem ýerliklidir. Häzirki wagtda «Ter önüm» hojalyk jemgyýeti ýüzlerçe daýhan hojalyklaryndan oba hojalyk önümlerini alýar. Onuň ýük awtoulaglar parkynda sowadyjylar, oba hojalyk önümleri saklanylýan, saýlanylýan we gaplanylýan kärendesine alnan ammarlar bardyr. Bu hojalyk jemgyýeti paýtagtymyzyň sebitindäki iri söwda dükanlaryny, bazarlaryny, restoranlary we myhmanhanalary gök we bakja önümleri, miweler bilen gije-gündiz üpjün edýär. Şu ýylyň maý aýynda «Ter önüm» hojalyk jemgyýetiniň Mumbaý (Hindistan) şäherinde geçirilen möwsümleýin oba hojalyk önümlerini öndürijileriň halkara sergisine gatnaşandygyny hem aýtmak gerek. Şonda Türkmenistanda öndürilen ter we gaplanan gök önümlere we miwelere, gawunlara we kakadylan miwelere ýokary baha berildi, türkmen nygmatlary altyn medala mynasyp boldular. Ekologiýa taýdan arassa we tagam babatda hiliniň ýokarydygy ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan sergä hödürlenen önümleriň esasy artykmaçlygy boldy.

Soňky habarlar
14.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.11
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi
14.11
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistan ýewropaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ilerledýär
13.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
13.11
Türkmenistanda Niger Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
13.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy
12.11
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
12.11
Aşgabatda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow