Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Daşoguzyň ekerançylary pagta ýygymyna girişdiler
Ykdysadyýet
Daşoguzyň ekerançylary pagta ýygymyna girişdiler
Çap edildi 18.09.2019
1476

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, howa şertlerine görä, «ak altyn» ýygymyna ýurdumyzyň beýleki sebitlerindäkiden biraz gijräk girişýän Daşoguz welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymyna başladylar. Welaýat häkimliginde geçirilen iş maslahatynda ýygym möwsümini, takyk işleri hem-de degişli ähli gulluklaryň sazlaşykly hereket etmegini guramaçylykly geçirmek boýunça esasy wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Demirgazyk sebitdäki gowaça meýdany 140 müň gektar meýdany eýeläp, şonça meýdandan «ak altynyň» 230 müň tonnasyny ýygnap almak maksat edinilýär. Welaýatyň ekerançylary «Daşoguz — 120», «Serdar», «C — 4727», «Jeýhun», «149F» we beýleki orta süýümli görnüşli ekinlere aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki zamanyň oba hojalyk tehnikalary meýdan işleriniň üznüksiz depginini üpjün eder. Meýdanlara «John Deere» kysymly ýokary öndürijilikli kombaýnlar çykaryldy. Olaryň sany şu günler täze tehnikalar bilen artyp başlady. Möwsümde Özbegistanda öndürilen «MX-1,8» kysymly pagta ýygyjy tehnikalary ulanmak meýilleşdirilýär. Pagtany daşamakda ýük awtomobilleriniň we tirkegli traktorlaryň köpsanlysy hereket edýär. Kabul ediş bölümleriniň 44-si hem-de «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy zawodlarynyň 9-sy gije-gündizleýin işlemäge doly taýýar edildi. Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanalarda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tabşyrylýan çig malyň hilini barlaýarlar. Pagta ýygymynyň başlanmagy mynasybetli dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, alym oba hojalykçylar, tejribeli agronomlar, kombaýnçylar, sürüjiler we kärendeçi pagtaçylar gatnaşdylar. Ýaşulular Watanymyzyň gülläp ösmegini, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleriniň rowaç we tutuş türkmen halkymyzyň durmuşynyň abadan bolmagyny Beýik Biribardan dileg edip, «Harmanyňyza bereket!» diýen sözler bilen pagta ýygymy möwsümine ak pata berdiler. Soňra Döwlet baýdagymyz, halylar hem-de şygarlar bilen bezelen üsti «ak altyn» ýüklenen awtoulaglar we tirkegli traktorlar Köneürgenç etrabynda ýerleşýän pagta arassalaýjy zawoda tarap ugradylar. Dabaralaryň çäklerinde çärä gatnaşyjylar «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinde ýerleşen binagärlik ýadygärliklerine hem aýlandylar. Oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de welaýatyň obasenagat toplumynyň öndürýän önümleriniň sergisi guraldy. Welaýatyň aýdym-saz we folklor-tans toparlary ajaýyp konsert maksatnamasyny taýýarladylar. Sportuň milli görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar dabara gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow