Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji konserti
Medeniýet
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji konserti
Çap edildi 05.09.2019
5503

Şu gün Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň baş baýramynyň — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda zehinli çagalaryň arasynda geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň körpe aýdymçylarynyň her ýylky bäsleşigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynyň başyny başlaýar. Indi köp ýyllaryň dowamynda bu bäsleşik jemgyýetçiligiň uly gyzyklanmasyny döredip, eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinden bolan ýaş zehinleri — umumybilim berýän we sazçylyk mekdepleriniň hem-de döredijilik merkezleriniň okuwçylaryny täze üstünliklere ruhlandyrýar. Şu ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygary döredijilik bäsleşiginiň ruhubelentligini has-da artdyrdy. Körpe artistler bedew bady bilen täze belentliklere tarap okgunly öňe barýan eziz Watanymyzy, zähmetsöýer halkymyzy, türkmen topragynyň tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligini ruhubelentlik bilen wasp etdiler. Ýaş ýerine ýetirijileriň aýdymlary we tanslary wideoşekiller bilen utgaşyp, sahnada körpe türkmenistanlylara bagtly çagalygy peşgeş beren beýik ýurdumyzyň keşbini döretdi. Däp bolşy ýaly, bäsleşik birnäçe tapgyrda geçirilip, zehinli çagalary ýüze çykarmaga we ösdürmäge, olary watançylyk, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünliklere buýsanç ruhunda terbiýelemäge ýardam edýär. Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralaryň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky Mukamlar köşgüniň sahnasynda çykyş eden körpe zehinler welaýatlarda geçirilen bäsleşikleriň saýlama tapgyrlarynda ýeňiş gazanyp, ýokary sylag ugrunda göreşmäge hukuk gazandylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda körpe artistleriň hoş owazly aýdymlarynyň bagtyýarlyk döwrüniň senasy bolup ýaňlanýandygy nygtalýar. «Siziň ajaýyp aýdym-sazlaryňyz berkararlygymyzyň we bagtyýarlygymyzyň çeşmesidir. Jadyly owazlaryňyz Garaşsyzlygymyzy, Bitaraplygymyzy, berkararlygymyzy wasp edýän, ata Watanymyzyň, eziz halkymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýýan özboluşly sungatdyr. Ähli ösüşlerimiziň esasy bolan ruhy galkynyşymyzy täze belentliklere çykarmakda siziň şirin aýdymlaryňyzyň, joşgunly sazlaryňyzyň ähmiýeti örän uludyr» diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilýär. Ýaş zehinleriň her bir aýdymy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Çykyşlar ýurdumyzyň çagalar tans toparlarynyň joşgunly ýerine ýetiren tanslary we kompozisiýalar bilen utgaşyp gitdi. Çykyşlarda zehinli çagalar eziz Watanymyza, özlerine bagtly çagalygy peşgeş beren milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz söýgini beýan etdiler. Olaryň çykyşlarynda ata-babalarymyzyň ajaýyp däp-dessurlaryna ygrarlylyk hem-de ýagty geljege bolan ynam öz beýanyny tapdy. Halk we estrada aýdymlaryny wagyz etmek arkaly milli aýdym-saz sungatyny ösdürmek bäsleşigiň esasy maksady bolup durýar. Konsertiň maksatnamasyna diňe bir bäsleşige gatnaşyjylaryň zehinini aýdyňlyk bilen görkezýän dürli eserler däl, eýsem, milli aýdym-saz sungatynyň baýlygyny beýan edýän çykyşlar hem girizildi. Her ýyl geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň nobatdaky jemleýji tapgyry mähriban topragymyzyň zehinleriniň egsilmezdigini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi. Tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalary astynda çagalaryň aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy. Konserte gatnaşyjylaryň her birine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bu sowgatlar bolsa olary döredijilik ýoluny dowam etdirmäge hem-de ýüreklerinde beslän arzuwlaryny amala aşyrmaga ruhlandyrmalydyr. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylar kabul edilen Ýüzlenmede ýaş nesil hakynda ýadawsyz aladasy, olaryň bagtyýar durmuşy babatda döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we geljekde hem oňat okamak, döredijilik bilen meşgullanmak, eziz Watanymyzy wasp etmek hakynda milli Liderimiziň nesihatlaryna eýerjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow