Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri Oraza aýynyň gelmegi bilen gutlaýarlar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri Oraza aýynyň gelmegi bilen gutlaýarlar
Çap edildi 09.05.2019
914

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Beýik Biribaryň rehmetine we ýalkawyna beslenen Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Beýik Allatagalanyň mähribanlyk we rehmet eçilýän bu aýynda doganlygy berkitmegiň ýolunda täze üstünlikleri gazanyp, dünýä ýüzünde ählumumy parahatçylyk we abadançylyk üçin esas dörederis diýip umyt edýärin. Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize jan saglygyny, Türkmenistanyň halkyna bagtyýar durmuşda ýaşamagy, bu mukaddes aýda ähli doga-dilegleriňiziň kabul bolmagyny dileýärin. Hasan RUHANI, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Iordan Haşimit Patyşalygynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýollaýaryn. Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösmegi arzuw edýärin. ABDULLA II, Iordaniýanyň Patyşasy. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti doganym Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Saud Arabystany Patyşalygynyň halkynyň we hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň doganlyk halkyna mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we hoşniýetli arzuwlarymy beýan edýärin. Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, doganlyk türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna gülläp ösüş, rowaçlyk hem-de durnuklylyk dileg edýärin. Siziň Alyhezretiňiz, meniň Size bolan çuňňur hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň! Siziň doganyňyz, Iki mukaddesligiň hyzmatkäri Salman ben Abdel Aziz AL SAUD, Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti doganym Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we mähirli arzuwlarymy iberýändigime örän şatdyryn. Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, şeýle hem tutuş musulman ymmatyna gülläp ösüş, parahatçylyk we durnuklylyk dileýärin. Siziň Alyhezretiňiz, meniň Size bolan çuňňur hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň! Muhammad ben Salman ben Abdel Aziz AL SAUD, Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, goranmak ministri. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Owganystanyň hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli mähirli gutlaglarymy ibermek mende şatlyk duýgusyny döredýär. Beýik Biribardan bu mukaddes günlerde ähli musulmanlara täze belentliklere ýetmekde doganlyk ruhuny we hyzmatdaşlyk meýillerini, şeýle hem abadançylyk we parahatçylyk eçilmegini dileg edýärin. Iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine ynam bildirýärin. Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa gülläp ösüş we abadançylyk arzuw edýärin. Abdulla ABDULLA, Owganystan Yslam Respublikasynyň Ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy.

Soňky habarlar
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow