Baş sahypa
\
Sport
\
Aziýa çempionatynda boksçymyz bürünç medaly aldy
Sport
Aziýa çempionatynda boksçymyz bürünç medaly aldy
Çap edildi 25.04.2019
3194

Bangkok şäherinde (Tailand Patyşalygy) 16 — 27-nji aprel aralygynda boks boýunça Aziýanyň çempionaty geçirilýär. Ýaryşlarda 35 ýurtdan dürli agram derejelerinde çykyş edýän 315 türgen medallar ugrunda bäsleşýär. Türkmenistanyň topary hem bu ýaryşa gatnaşýar. Ýygyndy toparymyzyň düzüminde çykyş edýän, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýanyndaky «Olimp» orta sport mekdebiniň boks boýunça tälimçisi Nursähet Pazzyýew 75 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 3-nji orny eýeledi we bürünç medala mynasyp boldy. Bu türgeniň dört ýyllyk arakesmeden soňra, uly sporta gaýdyp gelendigi sebäpli bu sylag aýratyn ähmiýetlidir. Biziň ildeşimiz 2010-njy ýylda Singapurda geçirilen Tomusky ýetginjekler Olimpiýa oýunlarynda kümüş medala eýe bolupdy hem-de 2012-nji ýylda London şäherinde geçirilen Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjydyr. Häzirki wagtda türkmen boksçysynyň baş maksady, 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak bolup durýar. Gündelik ýadawsyz türgenleşikde görkezýän netijesine görä, Nursähet ýurdumyzyň olimpiýa ýygyndy toparynda çykyş etmäge mynasyp türgendir.

Soňky habarlar
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
02.11
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
top-arrow