Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Buig” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Buig” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 21.07.2015
1158

Aşgabat, 21-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig” fransuz kompaniýasynyň baş direktory jenap Martin Buigi kabul etdi. Ýewropanyň iri kompaniýasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, milli Liderimizi “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlady we bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köp ýyllyk hyzmatdaşlyga kanagatlanma bildirip, kompaniýanyň giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyna saldamly goşandyny belledi. Şol maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistan daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesine we tehnologiýalaryny giňden ulanýar. Duşuşygyň barşynda myhman döwlet Baştutanymyza kompaniýa ynanylan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habar berdi, şeýle hem mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek babatda täze teklipleri beýan etdi. Şol teklipler bolsa Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary, ägirt uly meýilnamalary nazara alnyp işlenip taýýarlanyldy. Martin Buig ýurdumyzda indi 25 ýyldan gowrak wagtdan bäri işleýän “Buig” kompaniýasynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da berkitmäge hem-de türkmen Lideriniň başyny başlan iri möçberli taslamalaryna we maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk hem öz üstüne alan borçnamalaryna berk eýerjekdigini, buýrujynyň ähli isleglerini nazara almak bilen, özüne ynanylan taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Aşgabady we ýurdumyzyň beýleki şäherlerini mundan beýläk-de ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň maksatnamasynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda fransuz kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtap, gurluşyk babatla türkmen tarapynyň bildirýän talaplaryna ünsi çekdi. Şol talaplaryň esasysy desgalaryň gurluşygynyň öz möhletinde we ýokary hilli amala aşyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu desgalaryň her birinde milli binagärligiň iň gowy däpleri, täsin binagärlik hem-de täze inženerçilik-tehniki çözgütler öz beýanyny tapmalydyr. “Buig” kompaniýasynyň baş direktory ikiçäk duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna ýetmekde täze üstünlikler arzuw etdi.

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
top-arrow