Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2019--2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek maksatnamasyna gol çekildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2019--2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek maksatnamasyna gol çekildi
Çap edildi 06.02.2019
1174

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň baştutanlygyndaky Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine döwletara türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm meseleleri, esasy ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi bilen bagly meseleler girizildi. Sebit we halkara meseleleriniň möhüm ugurlary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şeýle hem taraplar daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary berkitmek, netijeliligini görkezen Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleri geçirmek işini dowam etmek barada bir pikire gelindi. Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2019--2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek maksatnamasyna gol çekildi. Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň baştutany Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynda hem sapak berip, çykyş etdi.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow