Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 04.02.2019
1687

«Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagy düzgünleşdirmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasy tassyklanyldy. *** Türkmenistanyň sport we ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilişini, ýurdumyzda ýaşlar üçin döredilýän şertleri we mümkinçilikleri, bu ugurlarda ýetilen sepgitleri hem-de türkmen türgenleriniň ýurdumyzda we halkara derejede geçirilýän sport ýaryşlarynda gazanýan üstünliklerini dünýä ýaýmak we giňden mahabatlandyrmak, ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ýöretmekligi hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy wagyz etmek, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ulgamynda bolup geçýän täzelikleri we habarlary ilat köpçüligine ýokary hilde ýetirmek we bu babatda maglumatlary bermegiň usulyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine «Bedenterbiýe we sport» žurnalyny we «Türkmenistan Sport» halkara žurnalyny goşup, olaryň binýadynda hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän «Türkmenistan Sport» halkara žurnalyny ýuridik şahs hökmünde bellenen tertipde döretmäge ygtyýar berildi. Resminama bilen, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalyny 2019-njy ýylyň fewral aýyndan başlap çärýekde bir gezek, türkmen, iňlis we rus dillerinde çap etmek, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň ýokary hilli we wagtynda neşir edilmegini üpjün etmek, Senagat we kommunikasiýa ministrligine «Türkmenistan Sport» halkara žurnalyna döwürleýin abuna ýazylyşygy guramak, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary kanunçylyga girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Baýmyrat Ilmyradowiç Annamämmedow Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Hajymyrat Şihmyradowiç Hudaýgulyýew Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ymamberdi Hudaýberdiýewiç Şyhyýew Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Röwşen Welmyradowiç Jumaýew Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň ykdysadyýet we maliýe işleri boýunça orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Şöhrat Hudaýberdiýewiç Annamyradow Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň oba hojalyk önümçiligi boýunça orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Jumanazar Annaýew Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň oba hojalyk tehnikalary we gurallary boýunça orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Allanur Nurgeldiýewiç Altyýew Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Begmyrat Gurbangeldiýewiç Ataýew Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň oba hojalyk önümlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek boýunça orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Joşmyrat Aşyrmyradowiç Sedekow Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwletmyrat Saparowiç Mämmedow Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow