Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini üýtgedip guramak hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini üýtgedip guramak hakynda
Çap edildi 29.01.2019
1526

Ýurdumyzda gurluşyk pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin: 1. «Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine birleşdirmeli. 2. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligini ministrlige birleşen «Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli. 3. Degişli çäklerde awtomobil ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek, düýpli, aralyk, gündelik abatlamak we saklamak boýunça işleri amala aşyrmak wezipelerini welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň üstlerine ýüklemeli. 4. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwary.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow