Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda
Çap edildi 29.01.2019
2640

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek we toplumlaýyn dolandyrmak arkaly onuň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin: 1. Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetini goşup, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetini döretmeli. 2. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini oba hojalygy boýunça Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli. 3. Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetini suw hojalygy boýunça Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwary.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow