Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen halylary — halkara serginiň täsin gymmatlyklary
Ykdysadyýet
Türkmen halylary — halkara serginiň täsin gymmatlyklary
Çap edildi 21.01.2019
1604

Türkmen halkynyň baý däplerini özünde jemleýän, asyrlaryň dowamynda onuň ajaýyplygyny we täsinligini saklap gelýän milli halyçylyk sungaty şu günler Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde elde dokalan haly önümleriniň 24-nji «Carpet & Art Oasis» atly halkara sergisinde görkezilýär. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň önümleri Türkmenistanyň sergisiniň bezegine öwrüldi. Nepis we seýrek önümleriň 15 müňden gowragyna wekilçilik edýän elde dokalýan haly önümleriniň iri öndürijileri hem sergä gatnaşyjylaryň hatarynda boldular. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, haly türkmeniň kalbydyr. Çünki öçmez-ýitmez öwüşginlikleriň we baý nepisligiň sazlaşygy bilen haýrana goýýan bu ajaýyp sungat eserlerinde milletimiziň iň oňat sypatlary, dünýägaraýşy we ruhy dünýäsi öz aýdyň beýanyny tapýar. Iň gymmatly maşgala däbi hökmünde bu örän inçe senediň syrlarynyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip gelinmegi netijesinde ýurdumyzda elde dokalýan halyçylyk senedi täsin özboluşlylygyny saklap geldi. Häzirki zamanda hem Diýarymyzda haly işleriniň ajaýyp ussatlarynyň nebereleriniň ençemesi bellidir. Olaryň arasynda zehinli ýaşlar hem az däl. Umumy meýdany 200 inedördül metr meýdandan ybarat bolan meýdançada goýlan haly we haly önümleri bu aýdylanlaryň ajaýyp subutnamasydyr. “Türkmenhaly” önümçilik birleşiginiň düzümindäki çeper haly işleriniň kärhanalarynyň 8-sinde halyçylaryň 4 müňden gowragy zähmet çekýär. Iki ýylyň dowamynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda birleşigiň önümçilik bölümleriniň 5-sini açmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi täze iş orunlarynyň ýüzlerçesini döretmäge mümkinçilik berer. Häzirki döwürde halkymyzyň milli mirasynyň çuňňur öwrenilmegi, el haly işlerindäki gadymy gymmatlyklaryň aýawly saklanylmagy döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Birleşen Arap Emirliklerinde geçýän abraýly sergä gatnaşylmagy halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň giňden wagyz edilmegine ýardam berer. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, ýurdumyzyň halyçylyk ulgamynyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak, halyçylarymyzyň netijeli zähmet çekmegi we döredijilik pikirlerini durmuşa geçirmek boýunça täze kärhanalaryň ulanylmaga berilmegi hem-de bar bolan önümçilik bölümleriniň durkunyň täzelenmegi ýaly işleriň netijesinde mümkin boldy.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow