Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Osaka şäherini EXPO 2025-iň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanylmagyny goldandygy üçin türkmen Liderine minnetdarlyk bildirdi
Syýasy habarlar
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Osaka şäherini EXPO 2025-iň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanylmagyny goldandygy üçin türkmen Liderine minnetdarlyk bildirdi
Çap edildi 06.01.2019
1108

Parižde ýerleşen Halkara sergiler edarasynyň Baş Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen saýlawlarda EKSPO 2025 Bütindünýä sergisiniň geçiriljek ýeri hökmünde Osaka-Kansaýyň saýlanandygyny Siziň Alyhezretiňize habar bermek meniň üçin uly hormatdyr. Türkmenistanyň beren goldawy üçin Ýaponiýanyň Hökümetiniň adyndan hoşallygymy beýan edýärin. Şeýle hem Osaka öňde boljak G20 Sammitiň geçiriljek ýeri bolmak bilen, günbatar Ýaponiýanyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýär we biz onuň baý medeni we syýahatçylyk serişdelerine, Siziň Alyhezretiňiziň Osaka-Kansaýda duýup biljek myhmansöýerlik ruhuna buýsanýarys. Türkmenistanyň EKSPO 2025-e gatnaşmagynyň Siziň ýurduňyzyň medeniýetini we işewürligini dünýä tanyşdyrmaga hem-de geljekde onuň mümkinçiliklerini giňeltmäge ajaýyp şert döretjekdigine ynanýaryn. Ýaponiýa toplanan tejribäniň esasynda EKSPO 2025-iň sazlaşykly işini üpjün etmek üçin Bütindünýä sergisini geçirmäge taýýarlyk görmäge başlar. Osaka-Kansaýda EKSPO 2025-iň üsti bilen Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin geljekki jemgyýeti döretmek babatda Türkmenistan bilen bilelikde işläp, Bütindünýä sergisiniň geçirilýän döwründe dürli çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak isleýäris. Türkmenistanyň geljekde hem üstünliklere eýe bolmagyny hem-de mundan beýläk-de gülläp ösmegi baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow