Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
Çap edildi 06.01.2019
1138

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Roždestwonyň şatlykly hem-de Täze ýylyň bagtly bolmagyny arzuw edýärin. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp maşgala agzalary bilen. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Geçen ýylda Koreýa Respublikasyna beren goldawyňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin, bu goldaw Koreýa ýarym adasynda parahatçylyk ugrundaky tagallalarymyzyň uly çeşmesine öwrüldi. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň täze ýylda hem pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn. Ählumumy rowaçlyk şertlerinde ýaşamak arzuwynyň bilelikde amala aşyrylmagyna umyt edýärin. Täze ýylda Siz bilen duşuşmak mümkinçiligine umyt edýärin. Size we Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk we bagt arzuw edýärin. Mun Çže In, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Täze ýylyňyz gutly bolsun! Kolinda Grabar-Kitarowiç, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Roždestwo hem-de Täze ýylda iň gowy arzuwlar bilen! Anri, Lýuksemburgyň Beýik Gersogy.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow