Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 27.12.2018
1268

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi ýetip gelýän täze, 2019-njy ýyl bilen gutladylar we berk jan saglyk, ähli başlangyçlarynda hem-de türkmen we özbek halklarynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan bilelikdäki işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Prezidentler şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mizemez dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri şol ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasyny düzýär. Türkmenistanyň we Özbegistanyň Liderleri döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini, onuň özara hormat goýmak we netijeli häsiýetini nygtadylar. Ozal gazanylan, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen ylalaşyklar, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şunda köpugurly hyzmatdaşlygy, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, senagat, ulag, aragatnaşyk ulgamynda obasenagat toplumynda we beýleki birnäçe ugurlarda, iki ýurduň we tutuş sebitiň ykdysady taýdan gülläp ösmeginiň maksatlaryna laýyk gelýän täze, giň möçberli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew şeýle hem netijeli ynsanperwer-medeni gatnaşyklary höweslendirmegiň möhümdigini nygtadylar. Şol gatnaşyklar bolsa döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp sebit we ählumumy meseleleri barada hem pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň BMG-niň, GDA-nyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine özara gatnaşyklara hem-de birek-biregi goldamak ýörelgesine ygrarlydygy nygtaldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew iki halkyň taryhy-medeni umumylygyna, köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-biregi ýene-de bir gezek ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutladylar hem-de iki ýurduň halklaryna mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Telefon arkaly söhbetdeşlik özbek tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow