Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Pudaklaýyn forumlar — 2018: ýangyç-energetika toplumynyň gazananlary we geljegi
Teswirlemeler
Pudaklaýyn forumlar — 2018: ýangyç-energetika toplumynyň gazananlary we geljegi
Çap edildi 18.12.2018
8890

Geçen duşenbe güni, 17-nji dekabrda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara derejeli pudaklaýyn işewür forumlaryň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz dünýä bileleşiginde Türkmenistanyň abraýyny artdyrmak, milli ösüşde üstünlikli we gazanylanlary dünýä ýaýmak, daşarky bazarlara ýurdumyzyň harytlaryny çykarmak hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak üçin sergi-kongresler işiniň ähmiýetiniň uludygyny belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, halkara sergiler we maslahatlar — bu ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply önüm öndürijiniň hem-de ygtybarly, başlangyçlary öňe sürýän hyzmatdaş hökmünde abraýyny emele getirýän netijeli guraldyr. Şeýle çäreler tejribe alyşmak, maýalary we täze tehnologiýalary, peýdaly pikirleri çekmek, göni işewür gatnaşyklaryny ýola goýmak nukdaýnazaryndan hem gyzyklanma döredýär. Şonuň üçin şeýle forumlary, olaryň baý mazmunly maksatnamasyny, iş gepleşiklerini we geňeşmelerini ýokary hilli guramak möhüm bolup durýar. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetiň öňünde goýan anyk wezipelerine kybap gelýän geljegi uly geleşikleri baglaşmaga hem-de bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilendir. Şonuň bilen birlikde, ol ýa beýleki pudagy ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pudaklaýyn sergileriň, ylmy-amaly maslahatlaryň hem-de ikitaraplaýyn we köp görnüşli işewürler forumlarynyň geçirilmegi hünär, toparlaýyn we bilermenler derejesinde wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, onuň ýagdaýyny seljermäge hem-de bar bolan we çaklanylýan islegleri öwrenmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi önümçiligi hem-de harytlaryň ýerlenilmegini ösdürmek, kompaniýalaryň mahabat-maglumat işini guramak babatda öz taktikasyny we strategiýasyny üýtgetmäge ýardam edýär. Ýangyç-energetika toplumy ugry boýunça ýurdumyzda guralýan işewür çäreler bu babatda nusga bolup biler. Türkmenistanyň Gaz kongresi hem-de “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT) halkara sergisi we maslahaty şeýle abraýly pikir alyşmalar meýdançasyna öwrüldi. Her ýyl bu çärelere gatnaşmak üçin daşary ýurt döwletleriniň uly wekiliýetleri, ýöriteleşdirilen iri kompaniýalaryň we transmilli holdingleriň top-menejerleri, alymlar hem-de ylmy-barlag toparlarynyň, akademiki we maliýe institutlarynyň wekilleri ýurdumyza gelýärler. 2018-nji ýylyň maý aýynda Awazada Türkmenistanyň IX Halkara gaz kongresi geçirildi. Onuň işiniň barşynda gaz ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlary kesgitlenildi, energiýa serişdeleriniň iberilmegini, milli we sebit gaz ulag düzümini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, milli işgärleri taýýarlamak we beýleki ulgamlarda ýakyn geljek üçin özara gatnaşyklaryň meýilnamalary bellenildi. Kongrese uly gyzyklanma bildirilmegi köp babatda häzirki wagtda, beýleki energiýa serişdelerinden tapawutlylykda, dünýäde ýangyç serişdelerini sarp etmegiň düzüminde “mawy ýangyjyň” udel agramynyň gyşarnyksyz artýandygy bilen şertlendirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Şoňa görä-de, dünýäniň esasy kompaniýalarynyň gaz pudagynda ýurdumyz bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga çalyşýandygy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Galyberse-de, häzirki Türkmenistan özüni halkara bazarynda energiýa serişdelerini köp möçberde iberýänleriň arasynda geljegi uly hyzmatdaşlaryň biri hökmünde görkezdi. Ýylsaýyn şu foruma hemaýatçy hökmünde gatnaşýan ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň sanynyň artýandygy bellärliklidir. Olar sebitde öz işiniň çägini giňeldýärler. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň hususy ulgamy goldamaga hem-de işewürligiň ösmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilen syýasatynyň netijeli häsiýete eýedigini tassyklaýar. Ýewropa Bileleşiginiň, ABŞ-nyň, BAE-niň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Koreýa Respublikasynyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň, GDA ýurtlarynyň we beýleki döwletleriň wekilleri Türkmenistanyň IX Halkara gaz kongresiniň wekilleri boldular. Foruma türkmen tarapyndan Hökümet agzalarynyň, pudaklaýyn döwlet konsernleriniň hem-de ylmy-barlag merkezleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy çäräniň maglumat derejesini ýokarlandyrýar. Bu forumda iň soňky maglumatlar beýan edilýär, seljeriş synlary ýetirilýär hem-de ýurdumyzda gaz senagatyny ösdürmek boýunça nobatdaky ädimler kesgitlenilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly: “Türkmen topragy — tebigy baýlyklaryň hazynasy. Diňe ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň özi-de munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Türkmenistan häzirki wagtda energetika pudagynda öňden däp bolup gelýän strategik hyzmatdaşlar bilen bir hatarda öz energiýa hyzmatdaşlygyny Ýewropa, Aziýa, uzak gündogar we günorta-günbatar ugurlary boýunça giňeltdi. Dünýäniň öňdebaryjy meşhur maliýe we nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýdy”. Gaz kongresine daşary ýurtlardan gatnaşyjylar pudagy ösdürmegiň ähli ugurlary — geologiýa-gözlegden, burawlamakdan, ýangyjy çykarmakdan, ugratmakdan we saklamakdan başlap, energiýa serişdelerini gaýtadan işlemäge hem-de önümçilik düzümini giňeltmäge çenli ähli ugurlar boýunça anyk maglumatlary aldylar. Milli Liderimiziň ýurdumyzy durnukly ösdürmek maksady bilen, energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilmegini diwersifikasiýa ýoly boýunça ösdürmek baradaky başlangyçlary forumyň gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň sebit üçin strategik ähmiýete eýedigine aýratyn üns berildi. 2018-nji ýylyň fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hormatly Prezidentimiziň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň we Hindistan Respublikasynyň daşary işler döwlet ministriniň gatnaşmagynda TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berlendigini ýatlatmalydyrys. Ýakyn wagtda taslamanyň Pakistan böleginde hem turbageçirijiniň ilkinji sepleşdirme işleri amala aşyrylýar, Hindistanda bolsa taýýarlyk çäreleri geçirilýär. Degişli işler ähli derejede, ilkinji nobatda bolsa, hökümet we diplomatik derejede alnyp barylýar. Ýöne bu ägirt uly taslamany ilerletmek üçin giň maglumat meýdanyny, şol sanda halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly mümkinçilikleri döredýän halkara işewür forumlarynyň hem ornuny inkär edip bolmaz. Awazada geçirilen forumda Türkmenistanyň gazy gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmek, hususan-da, Hazar sebitinde uly gazhimiýa ulgamyny döretmek barada edilen çykyşlar dünýäniň köp ýurtlarynyň täzelikler agentlikleriniň ünsüni özüne çekdi. Garabogaz şäherinde ulanmaga berlen tebigy gazy gaýtadan işleýän zawod hem-de Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumy eýýäm şol ulgama goşuldy. Ägirt uly senagat kärhanalarynyň ikisiniň hem açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şolaryň golaýynda polipropilen, pes dykyzly polietilen, poliwinilhlorid, şeýle hem kaustik soda, duz kislotasyny we suwuk hlor öndürýän ýene-de bir toplumy gurmak göz öňünde tutulýar. Ahal welaýatynda, Owandepede tebigy gazdan ýokary hilli benzin öndürýän zawody işe girizmäge taýýarlyk görülýär. Täze maýa goýum taslamalarynyň hatarynda Lebap welaýatynyň Bagaja ýatagynda tebigy gazy gaýtadan işleýän hem-de suwuklandyrylan gazy çykarýan desganyň durkunyň täzelenmegini görkezmek bolar. Şonuň binýadynda kuwwaty ýylda 80 müň tonna butadien-stiril kauçuk hem-de 45 müň tonna polistirol öndürmäge niýetlenen gazhimiýa toplumyny gurmak göz öňünde tutulýar. Daşoguz welaýatynda, Ýylanly gaz gysyjy desgasynyň golaýynda ýerleşen Merkezi Garagum ýataklarynda kuwwaty ýylda 55 müň tonna önüme barabar bolan etany gaýtadan işleýän hem-de poliwinilasetat öndürýän zawody gurmagyň mümkinçilikleri öwrenilýär. Şonuň bilen birlikde, halkara forumlaryň çäklerinde gyzyklanma bildirýän nebitgaz kompaniýalary bilen uglewodorod serişdelerini gözlemek we çykarmak hem-de toplumlaýyn gaýtadan işlemek ulgamynda uzakmöhletleýin taslamalary amala aşyrmak üçin göni daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça deslapky ara alyp maslahatlaşmalar geçirilýär. Türkmenistan bu taslamalary durmuşa geçirmek bilen, energiýa serişdelerini uly möçberde iberýän döwlet hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, energetika eksportunyň haryt düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika işewürliginiň täze usullaryny işjeň ösdürmegiň hasabyna bazarda eýeleýän ornunyň häsiýetini hem hil taýdan düýpli özgerdýär. “CNPC”, “Edison Technologies GmbH”, “SINOPEC Engineering Co., Ltd”, “Haldor Topsoe”, “Allen and Overy”, “Honeywell UOP”, “Dragon Oil”, “Exxon-Mobil”, “LG International”, “Hyundai Engineering” ýaly dünýäniň esasy kompaniýalarynyň we beýlekileriň wekilleri Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyna hem-de ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde ýurdumyzyň möhüm orun eýeleýändigine ynanýarlar. Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz porty açylanyndan birnäçe hepde geçenden soň, Hazaryň kenarynda Türkmenistanyň IX Halkara gaz kongresiniň geçirilmegi bilen baglylykda, deňiz ýoly arkaly dünýä bazarlaryna türkmen nebitgaz önümlerini ibermek ulgamynda gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň maý aýynyň başynda ""Beýik Ýüpek ýoly – täze ösüşlere tarap” atly Halkara maslahatda çykyş edip: “Täze deňiz porty iri möçberli ýük akymlarynyň ýolda bolmagynyň wagtyny hem-de aralygyny ep-esli gysgaltmaga mümkinçilik berip, Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak bilen, Gara deňziň ýakasyna, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna çykmak üçin has oňaýly şertleri döredýän deňiz gatnawlarynyň häzirkizaman ulgamyny kemala getirmegiň möhüm halkasy bolmaga gönükdirilendir” diýip belledi. Ýurdumyzyň okgunly ösýän sebitleriniň birinde gurlan Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini halkara bazarlaryna ugratmak ulgamynda ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ukyplydyr. Diýarymyzyň bu sebitinde döwrebap gazhimiýa senagatynyň düýbi tutulýar. Ýurdumyzyň logistika, serişdeler we önümçilik mümkinçiliklerine berilýän ünsi höweslendirmek boýunça çäreler ulgamynda alnyp barylýan işler ýokary bäsdeşlik we bazarlaryň üpjünçiligi şertlerinde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Halkara sergilere we ýarmarkalara gatnaşmak marketing aragatnaşyklarynyň biridir. Ol diňe bir gatnaşyklary ýola goýmaga we önümleri hem-de hyzmatlary ilerletmäge däl, eýsem, degişli pudaklarda öňdebaryjy gazanylanlar hem-de ylmy ösüşiň netijeleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamyndaky maýa goýum syýasaty köp babatda uglewodorod serişdelerini çykarmagyň we gaýtadan işlemegiň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, däp bolan “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly sergi guralýar. Şonuň çäklerinde adybir maslahat geçirilýär. Hut şol ýerde pudak üçin enjamlary hem-de önümçilik tehnologiýalaryny öndürijiler, çözgütleri kabul etmäge täsir edýän hünärmenler duşuşýar. Şu ýylyň noýabr aýynda bu forum eýýäm 23-nji gezek geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin meşhur alymlar we bilermenler, hökümet düzümleriniň hem-de abraýly guramalaryň, esasy daşary ýurt ýangyç-energetika kompaniýalarynyň we degişli edaralarynyň wekilleri Aşgabada geldiler. Daşary ýurtly işewürler tarapyndan bu çärä ägirt uly üns berilmegi döwletimiziň açyk energetika syýasaty, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen we dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanylan oňyn halkara başlangyçlary bilen şertlendirilendir. Dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan 50-ä golaý kompaniýa hem-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralary Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde diwarlyklaryny ýerleşdirdiler. Olar uglewodorod çig malyny çykarmak we ugratmak, çuňňur burawlamak, Hazarda taslamalary amala aşyrmak üçin zerur bolan gözleg işlerini alyp barmak we kenar düzümini gurmak ulgamynda önümlerini we hyzmatlaryny hödürlediler. Sergide ekologiýa täzeliklerine hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda geljegi uly işläp taýýarlamalara kärhanalarda ekologiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmak meselelerine möhüm orun berildi. Milli Liderimiz bu meselelere aýratyn üns berýär. Köp sanly bilermenleriň pikirine görä, Aşgabatdaky pudaklaýyn gözden geçiriliş Ýewropadan, Aziýadan we Amerikadan gelen esasy önüm öndürijilere ýörite öňdebaryjy enjamlary hödürlemäge, göni söwda gatnaşyklaryny ýola goýmaga hem-de marketing wezipelerini çözmäge ajaýyp mümkinçilik berýär. “Türkmenistanyň nebiti we gazy” forumy ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly hünärmenleriň işewür gatnaşyklary üçin netijeli binýat bolmak bilen, täze taslamalara badalga bermek, dünýädäki ýagdaýlar hem-de pudagyň geljekki ösüşi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýangyç-energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşmak üçin meýdança, şeýle hem işewürligiň üstünlikli ösmegine ýardam edýän marketingiň wajyp guralyna öwrüldi. Serginiň çäklerinde pudaklaýyn maslahat hem geçirildi. Oňa ABŞ-dan, Ýewropa, Aziýa, Ýakyn Gündogar hem-de GDA ýurtlaryndan wekiller gatnaşdylar. Olaryň hatarynda nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, önüm öndüriji zawodlaryň hem-de ylmy toparlaryň wekilleri we beýlekiler bar. Foruma halkara we hökümet guramalarynyň 200-sinden 500-e golaý wekil hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, dünýäniň 40-dan gowragyndan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar. Halkara, sebit we ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň ösüşiniň geljegi ýaly wajyp mesele boýunça çykyşlar diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy, nebit, gaz we olary gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň bazaryndaky ýagdaýlara, uglewodorod serişdelerini ibermek hem-de marketing strategiýasy bilen baglanyşykly meselelere syn berildi. Türkmen tarapy nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça teklipleri beýan etdi. Galyberse-de, ýurdumyzda oňaýly şertleriň, has takygy, amatly maýa goýum ýagdaýynyň, deňi-taýy bolmadyk salgyt ýeňillikleriniň döredilmegi ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň çig mal çykarýan we gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmäge maýa goýumlaryny çekmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Maslahatyň barşynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça pikir alyşmalar mejlisi geçirildi. Bellenilişi ýaly, bu taslama Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde nobatdaky netijeli ädimdir. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak, geljegi nazara almak bilen, onuň kuwwatyny artdyrmak, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylygyny üpjün etmek esasynda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň kämil ulgamyny döretmek şol strategiýanyň esasy ugurlary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlary öňde goýlan maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi şol başlangyçlaryň wajypdygyna hem-de örän zerurdygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistan deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan çykyş etmek bilen, bu strategik ulgamda ýola goýlan we däp bolan gatnaşyklary saklamak bilen birlikde, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen energetika ulgamynda göni gatnaşyklaryň çägini ep-esli giňeltdi, esasy nebitgaz kompaniýalary, dünýäniň abraýly maliýe düzümleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda uglewodorod serişdeleriniň üsti açylan gorlary nebitiň ýüzlerçe million tonnasyna hem-de tebigy gazyň trillionlarça kub metrine barabardyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýangyç serişdeleriniň şol möçberi içerki sarp edijileri çig malyň şu görnüşleri bilen doly üpjün etmek hem-de şolary köp ýyllaryň dowamynda daşary ýurtlara ibermek üçin ýeterlikdir. Türkmenistanyň çäginde nebit we gaz ýataklarynyň iki ýüze golaýy açyldy hem-de çuňňur burawlamak üçin ýüzlerçesi taýýarlanyldy. Türkmenistanyň merkezi we demirgazyk sebitleriniň gadymy ýataklarynyň nebitgaz derejeliliginiň geljegini öwrenmek meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň günorta-günbatar sebitindäki çuňňur ýerleşýän hem-de entek doly öwrenilmedik ýataklaryny has işjeň gözlemek işleri alnyp barylýar. Türkmenistanyň çägindäki baý nebit we gaz ýataklary maýa goýumlary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar. Esasy halkara kompaniýalaryň wekilleri türkmen hyzmatdaşlaryna gury ýerde hem-de Hazar deňzi sebitinde barmasy kyn ýataklary gözlemek we işläp geçmek ulgamynda öňdebaryjy, ýokary netijeli tehnologiýalary bermäge taýýardyklaryny beýan etdiler. “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018” halkara forumynyň çäklerinde daşary ýurtly işewürleriň we ýurdumyzyň pudaklaýyn edaralarynyň hem-de konsernleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda köp sanly işewür duşuşyklar geçirildi. Şeýle duşuşyklardan soň, ylalaşyk gazanylan we täze mümkinçilikler bilen bagly meseleleriň üstünde düýpli işler alnyp barylýar. Şeýlelikde, sergi-kongres işi pudaklaýyn ösüşi hem-de maýa goýum syýasatyny höweslendirýär, zerur bolan maglumat giňişligini döredýär, türkmen ýangyç-energetika toplumynda maýa goýum taslamalaryny, şol sanda halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek üçin daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin şertleri döretmäge ýardam edýär. Ýurdumyzda ykdysady özgertmeleriň häzirki tapgyrynda sergiler, ýarmarkalar, işewürler forumlary hem-de maslahatlar bazaryň möhüm bölegine öwrüldi. Ýurdumyzyň senagatynyň birnäçe pudaklary hem-de telekeçilik ulgamy bilen berk baglanyşykly sergi senagaty okgunly ösdürilýär, onuň maddy-enjamlaýyn binýady giňeldilýär. Işewür çäreleri guramakda tehnologik hyzmatyň, döwrebap enjamlary we ýörite programma üpjünçiligini, şeýle hem bezeg babatda çözgütleri kabul etmegiň derejesi ep-esli ýokarlandy. Mundan başga-da, foruma gatnaşyjylara we myhmanlara türkmen ykdysadyýetiniň degişli kärhanalary we pudaklary barada gürrüň berýän, ýörite neşir edilen kataloglar, prospektler hem-de kitapçalar hödürlenilýär. Olarda syn beriş we wajyp maglumatlar berilýär. Şeýle forumlaryň netijeliligini seljermek bilen, olaryň işewür syýahatçylygy işjeňleşdirmäge, daşary ýurtly wekilleri ýurdumyzyň medeniýeti, türkmen halkynyň däp-dessurlary we häzirki durmuşy bilen tanyşdyrmaga uly täsir edýändigini nazara almak wajypdyr. Daşary ýurtly myhmanlar Aşgabadyň binagärligine ýa-da Awazanyň gözelligine haýran galmak bilen, Türkmenistanyň garaşsyz ösüşiniň äşgär we saldamly üstünliklerini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasatynyň ajaýyp netijelerini aýratyn belleýärler.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
23.04
Aşgabat-Pariž: ynsanperwer hyzmatdaşlyk – ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow