Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
Çap edildi 17.12.2018
1209

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Salome Zurabişwilä Gruziýanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz öz gutlagynda ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berip, bu gatnaşyklaryň Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň halklarynyň bähbidine geljekde hem ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýandygyny beýan etdi. Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Gruziýanyň Prezidentine berk jan saglyk hem-de dostlukly gruzin halkynyň ösüşine we abadançylygyna gönükdirilen ähli başlangyçlarynda hem-de işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow