Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen parlamentarileri “Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda” Kanuny kabul etdiler
Syýasy habarlar
Türkmen parlamentarileri “Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda” Kanuny kabul etdiler
Çap edildi 01.12.2018
1327

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň dördünji maslahatynda parlamentarilere ara alyp maslahatlaşmak üçin “Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlendi. Bu ýere ýygnananlaryň belleýişleri ýaly, halkyň we ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygy hem-de abadançylygy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini, sport bilen meşgullanmagy wagyz etmek, ýaramaz endikleriň zyýanly täsiri baradaky maglumatlary ilata ýetirmek bu ugurda alnyp barylýan wajyp işleriň biri bolup durýar. Temmäkä garşy göreş boýunça yzygiderli esasda amala aşyrylýan çäreler özüniň oňyn netijesini berýär. Oňa ähli düzümler, şol sanda saglygy goraýyş, bilim edaralary, jemgyýetçilik guramalary, din işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri işjeň gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan döwlet syýasatynda hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslary kesgitleýän Türkmenistanyň täze Kanunynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Ol raýatlaryň saglygyny goramaga, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge gönükdirilendir. Bu resminamada alkogolyň öndürilmeginiň, dolanyşygyny çäklendirmegiň, mahabatynyň düzgünleşdirilmegine, adamyň saglygynyň saklanylmagyna we berkidilmegine, alkogolyň ulanylmagy bilen ýüze çykýan keselleriň, hukuk bozulmalarynyň öňüniň alynmagyna, raýatlaryň, ilki bilen 21 ýaşyna ýetmedik adamlaryň arasynda geçirilýän aň-bilim, terbiýeçilik, lukmançylyk sanitariýa işleriniň ýokarlandyrylmagyna, bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine ýardam berilmegine gönükdirilmegine gönükdirilen hukuk, ykdysady, guramaçylyk, arassaçylyk-saglyk, bejeriş-keselleriň öňüni alyş we durmuş maksatly beýleki çäreleriň toplumy kesgitlenýär. Şeýle hem deputatlar “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna; “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna; “Söwda işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna; “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna; “Agyz suwy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna; “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna; “Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garadylar. Mejlisiň maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan goldanyldy we kabul edildi.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow