Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 30.11.2018
1459

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binagärlik we şähergurluşyk ulgamyny kemala getirmek, ýurdumyzyň ilatynyň medeni-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine Balkanabat, Daşoguz we Türkmenabat şäherleriniň her birinde bir sany medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen 3000 orunlyk “Türkmeniň ak öýi” binasynyň hem-de 3000 orunlyk sadaka jaýynyň taslamalaryny düzmek, olary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryp we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada şertnamalary, eltiji awtomobil ýoluny, aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň, lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny we desgalaryny öz serişdeleriniň hasabyna gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we binalary 2021-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. * * * Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmek, elektron senagatyny ösdürmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy tassyklanyldy. Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanalara, edaralara we guramalara, şeýle hem hususy telekeçilere konsepsiýany durmuşa geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow