Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi
Çap edildi 11.11.2018
1314

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň, Hökümetiň adyndan hem-de hut öz adyndan Türkmenistan bilen Sloweniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Borut Pahora hem-de dostlukly slowen halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ösüş we abadançylyk maksatlaryna esaslanýandygyny belledi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýokary gyzyklanma bildirýändigini beýan edip, iki halkyň bähbitlerine ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, dostlukly slowen halkyna bolsa gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow