Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 09.11.2018
1373

Ata-babalarymyzyň beýik ynsanperwerlik däplerine hem-de Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, Türkmenistanyň bu goňşy ýurda parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy üçin berýän goldawyny mundan beýläk-de dowam etmek hem-de doganlyk owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Mazari-Şarif şäheri) konsullygyna Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde 500 orunlyk metjidi gurmak barada Owganystan Yslam Respublikasynyň “Ghazanfar Construction, Road Work Rail Way Construction Material P. CO” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we metjidi 2020-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. *** Türkmenistan bilen Müsür Arap Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-müsür toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow